HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Hytaýdaky daşary ýurtly syýahatçylaryň 86 göterimi eýýäm telefon arkaly töleg edýärler. Hançžou, Sian, Hekou we Şençžen — QR-kod syýahatlary nähili üýtgedýär

Maý 17, 2026 | 11:15 |3209
Çeşme: orient.tm

15 minutda taýýar bolýan süýtli çaý, nagt pulyň bolmazlygy, bank kartynyň ýerine pasport we hakykata öwrülen nagtsyz jemgyýet.

“CCTV+” habarlar gullugynyň berýän maglumatyna görä, ykjam töleg goşundylary Hytaýdaky daşary ýurtly syýahatçylaryň arasynda çalt meşhurlyk gazanýar.

Ykjam tölegleriň ulanylyş derejesi 86 göterime ýetdi. QR-kodlary skanirlemek, eltip bermek hyzmatlarynyň goşundylaryna birleşdirilen tölegler we beýleki tehnologik hyzmatlar syýahatçylar, daşary ýurtly talyplar we işewürler üçin gündelik amallary üýtgedýär.

“Alibaba”-nyň ştab-kwartirasynyň ýerleşýän şäheri bolan Hançžouda nagt tölegsiz jemgyýet eýýäm hakykylyga öwrüldi. Şäheriň ösen töleg ekoulgamy öz içine netijeli ekspress-eltip bermegi, taýýar naharlary buýurmagy, toparlaýyn satyn alyşlary we täze önümleri eltip bermek hyzmatlaryny alýar. Ýerli ýaşaýjylar we daşary ýurtly syýahatçylar döwrebaplaşan durmuş şertlerinden lezzet alýarlar.

Çžeszýan Halkara daşary ýurt dilleri uniwersitetinde okaýan russiýaly talyp Ýa Weý şeýle gürrüň berdi: «Men her gün telefon arkaly töleg etmäge, nahar buýurmaga we ekspress-eltip berme hyzmatyndan peýdalanmaga öwrenişdim. Maňa miwe, süýtli çaý we kofe buýurmak ýaraýar — eltip bermek bary-ýogy 15 minut wagt alýar».

Şensi welaýatynyň Sian şäherinde, Sian Szýaotun uniwersitetiniň russiýaly talyby Anna ykjam töleg goşundylarynyň söwda etmegi örän aňsatlaşdyrandygyny aýtdy. Hytaýda ýaşan iki ýylynyň dowamynda ol gündelik durmuşyň ýönekeýligine, şol sanda özüniň gowy görýän söwda merkezinde QR-kodlary okatmak mümkinçiligine ýokary baha berdi.

Hytaý bilen Wýetnamyň arasyndaky serhet nokady bolan Ýunnan welaýatynyň Hekou portuna her gün irden wýetnamly syýahatçylar gelýärler. Olaryň köpüsi göni ýerli supermarketlere barýarlar, ol ýerde ykjam töleg platformalary diňe smartfonlary ulanmak arkaly howpsuz amallary amala aşyrmaga mümkinçilik berýär.

«Biz pasport maglumatlarymyzy girizip, “WeChat Pay” we “Alipay” ulgamlaryny ulanýarys. Bu örän amatly, bize nagt pul çalşyrmagyň geregi ýok» diýip, wýetnamly syýahatçylaryň biri belledi.

Günortadaky tehnologiýa merkezi bolan Şençžende ispaniýaly telekeçi Rita her gün ykjam goşundy arkaly içgiler buýurýar. Onuň üçin gündelik hyzmatlaryň tizligi we tehnologik tarapy — süýtli çaýyň sanlyja minudyň içinde eltip berilmegi — has giň jemgyýetçilik özgerişlerini görkezýär.

Ritanyň belleýşi ýaly Şençžen diňe bir ýaşamak üçin ajaýyp ýer bolman, eýsem, adamyň öz karyerasyny gurup biljek ýeridir.

Hytaýda ykjam tölegler diňe bir töleg usuly däl-de, eýsem, adaty durmuşyň aýrylmaz bölegidir. Russiýaly talyplar 15 minutda süýtli çaý buýurýarlar, wýetnamly syýahatçylar pul çalşyrmagyň ýerine QR-kod okadýarlar, ispaniýaly telekeçi bolsa hemme zadyň tizligine esaslanýan şäherinde öz karyerasyny gurýar.

Daşary ýurtly talyplaryň we syýahatçylaryň 86 göterimi eýýäm bu ulgamyň içinde. Olar töleg etmegi öwrenmeýärler — olar diňe şeýle ýaşaýarlar. Hançžouda, Sianda, Hekouda we Şençžende ýagdaý şeýle. Hytaý nagt tölegsiz jemgyýetiň nähili işleýändigini düşündirip durmaýar, ony diňe görkezýär.

Tehnologiýalar biziň pikir edişimizden hem has çalt ýaýraýar. Türkmenistanda hem bu ugurda degişli işler alnyp barylýar. Iň gowy tejribeleri alyp ulanyp bolýarka, oýlap tapmagyň geregi ýok. Şoňa çenli bolsa — kofe buýruň. Ol 15 minutdan gelip gowşar.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

23:45 Iýun 18, 2026
Dana Pikir halkara ýük daşamalary üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

Dana Pikir halkara ýük daşamalary üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

23:30 Iýun 18, 2026
ECONAMEH žurnalynyň täze sany: Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň medeni mirasy we başlangyçlary

ECONAMEH žurnalynyň täze sany: Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň medeni mirasy we başlangyçlary

22:47 Iýun 18, 2026