HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Beýik Britaniýanyň Ilçisi işewürligi goldamagyň gurallary bilen tanyşdyrdy, London Türkmenistana sapara taýýarlyk görýär

Maý 15, 2026 | 10:15 |4662
2026-njy ýylyň 14-nji maýynda Londonda Günbatar Londonyň Söwda-senagat edarasy, «Turkmenekspo» hususy kärhanasy we Türkmenistanyň Beýik Britaniýadaky Ilçihanasynyň institusional goldawy bilen bilelikde guralan UK–Turkmenistan B2B söwda saparynyň dördünji güni tamamlandy2026-njy ýylyň 14-nji maýynda Londonda Günbatar Londonyň Söwda-senagat edarasy, «Turkmenekspo» hususy kärhanasy we Türkmenistanyň Beýik Britaniýadaky Ilçihanasynyň institusional goldawy bilen bilelikde guralan UK–Turkmenistan B2B söwda saparynyň dördünji güni tamamlandy
Çeşme: orient.tm

2026-njy ýylyň 14-nji maýynda Londonda Günbatar Londonyň Söwda-senagat edarasy, «Turkmenekspo» hususy kärhanasy we Türkmenistanyň Beýik Britaniýadaky Ilçihanasynyň institusional goldawy bilen bilelikde guralan UK–Turkmenistan B2B söwda saparynyň dördünji güni tamamlandy.

Çärä gatnaşyjylar üçin Beýik Britaniýanyň Türkmenistandaky Ilçisi Stiwen Konlon çykyş etdi. Ol britan tarapynyň Türkmenistan bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge bolan häzirki çemeleşmesi barada belläp geçip, britan hyzmatdaşlary bilen işleýän kompaniýalar üçin maliýe gurallaryny hödürleýän Beýik Britaniýanyň döwlet eksporty karzlaşdyryş agentligi bolan Beýik Britaniýanyň Eksporty maliýeleşdiriş (UKEF) edarasynyň mümkinçiliklerine giňişleýin ünsi çekdi.

Günbatar Londonyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy Kristofer Dýorkin çäräniň ähli taraplaryna, türkmen we britan gatnaşyjylaryna, guramaçylara hem-de hyzmatdaşlara hepdäniň dowamynda görkezilen goldaw we bildirilen gyzyklanma üçin minnetdarlygyny bildirdi. Şeýle hem, ol britan kompaniýalarynyň Türkmenistana işewürlik saparyny guramak baradaky meýilnamalaryny mälim etdi. Bu sapar Londonda ýola goýlan işewürlik gatnaşyklarynyň netijeli dowamy bolmak bilen, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň täze tapgyryna badalga berer.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Minskde Türkmenistanyň we Mongoliýanyň ilçileriniň duşuşygy geçirildi

Minskde Türkmenistanyň we Mongoliýanyň ilçileriniň duşuşygy geçirildi

01:47 Iýun 18, 2026
Türkmenistanyň başlangyjy bilen Nýu-Ýorkda BMG-niň üçünji Oýunlary açyldy

Türkmenistanyň başlangyjy bilen Nýu-Ýorkda BMG-niň üçünji Oýunlary açyldy

01:42 Iýun 18, 2026
Türkmen küştçisi Aktobede geçirilen halkara ýaryşda zenanlaryň arasynda iň gowy netijäni görkezdi

Türkmen küştçisi Aktobede geçirilen halkara ýaryşda zenanlaryň arasynda iň gowy netijäni görkezdi

01:38 Iýun 18, 2026