HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Alýaskanyň iň demirgazyk şäherinde «gijeki gün» möwsümi başlandy

Maý 13, 2026 | 21:25 |4384
Alýaskanyň iň demirgazyk nokadyndaky Utkiagwik şäheriniň ýaşaýjylary üznüksiz gündiz ýagtysynyň, ýagny «gijeki günüň» başlanmagyndan öňki iň soňky gün ýaşmasyny synladylarAlýaskanyň iň demirgazyk nokadyndaky Utkiagwik şäheriniň ýaşaýjylary üznüksiz gündiz ýagtysynyň, ýagny «gijeki günüň» başlanmagyndan öňki iň soňky gün ýaşmasyny synladylar
Çeşme: Fox Weather

Alýaskanyň iň demirgazyk nokadyndaky Utkiagwik şäheriniň ýaşaýjylary üznüksiz gündiz ýagtysynyň, ýagny «gijeki günüň» başlanmagyndan öňki iň soňky gün ýaşmasyny synladylar. Indi şäherde Gün indiki 84 günüň dowamynda — 2-nji awgusta çenli — ýaşmaz diýip, Fox Weather habar berýär.

Öň Barrou ady bilen tanalan Utkiagwik Demirgazyk polýar aýlawynyň aňyrsyndaky ABŞ-nyň iň demirgazyk ilatly nokady hasaplanylýar. Polýar gününiň başlanmagyndan öňki iň soňky Gün doguşyny şäheriň ýaşaýjylary ýekşenbe güni ýerli wagt bilen sagat 02:58 töwereginde gördüler.

Bu hadysa Ýeriň okunyň onuň Günüň daşyndaky orbitasyna bolan gyşarmasy bilen baglydyr. Tomusky gün duruşyna golaý döwürde Demirgazyk polýus Güne tarap öwrülýär, şonuň üçin Polýar aýlawynyň aňyrsyndaky sebitlerde gündiz 24 sagatlap dowam edip bilýär.

Gije-gündiz ýagtylyk Alýaskanyň beýleki ýerlerinde hem syn edilýär. Ýakyn hepdelerde Ferbenks şäherinde hem 24 sagatlyk gündiz döwürleri garaşylýar, Ankorijde bolsa tomusda Gün diňe giç agşam — takmynan sagat 22:42-de ýaşýar.

Alýaskanyň häkimiýet edaralarynyň maglumatlaryna görä, sebit ekwatordan näçe uzak ýerleşse, ýylyň möwsümlerine baglylykda gündiziň dowamlylygy şonça-da güýçli üýtgeýär.

Gyşda Utkiagwikde Gün takmynan 64 günläp asla görünmeýär. Tomusda bolsa uzyn gündiz ýerli ýaşaýjylaryň durmuşyna ep-esli täsir edýär: köp adam bagbançylyk, balykçylyk we gezelenç bilen giç agşam ýa-da gije meşgullanýar.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Söwda paçlarynyň netijesinde ABŞ-a garaşlylygy azaltmak üçin kanadaly öndürijiler täze bazarlary we pudaklary gözleýärler

Söwda paçlarynyň netijesinde ABŞ-a garaşlylygy azaltmak üçin kanadaly öndürijiler täze bazarlary we pudaklary gözleýärler

23:00 Sentýabr 16, 2026
IAEA 2060-njy ýyla çenli atom energetikasynyň üç esse artmagyny çaklaýar

IAEA 2060-njy ýyla çenli atom energetikasynyň üç esse artmagyny çaklaýar

21:00 Sentýabr 16, 2026
Türkiýede 2-nji Ýakyn Gündogar azyk sergisi MFF 2026 geçiriler

Türkiýede 2-nji Ýakyn Gündogar azyk sergisi MFF 2026 geçiriler

20:52 Sentýabr 16, 2026