HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

«Ýewrowideniýe-2026» bäsleşiginiň birinji ýarym finaly tamamlandy: finala haýsy ýurtlar çykdy

Maý 13, 2026 | 22:30 |5316
Wenada geçirilen «Ýewrowideniýe-2026» halkara aýdym-saz bäsleşiginiň birinji ýarym finaly tamamlandy. Onuň netijeleri boýunça uly finalda göreşini dowam etdirjek ilkinji on ýurt belli boldy. Bäsleşik şu ýyl Awstriýanyň paýtagtynda, Wiener Stadthalle arenasynda geçirilýär, final bolsa 16-njy maýda bolarWenada geçirilen «Ýewrowideniýe-2026» halkara aýdym-saz bäsleşiginiň birinji ýarym finaly tamamlandy. Onuň netijeleri boýunça uly finalda göreşini dowam etdirjek ilkinji on ýurt belli boldy. Bäsleşik şu ýyl Awstriýanyň paýtagtynda, Wiener Stadthalle arenasynda geçirilýär, final bolsa 16-njy maýda bolar
Çeşme: Açyk çeşmeler

Wenada geçirilen «Ýewrowideniýe-2026» halkara aýdym-saz bäsleşiginiň birinji ýarym finaly tamamlandy. Onuň netijeleri boýunça uly finalda göreşini dowam etdirjek ilkinji on ýurt belli boldy. Bäsleşik şu ýyl Awstriýanyň paýtagtynda, Wiener Stadthalle arenasynda geçirilýär, final bolsa 16-njy maýda bolar.

Birinji ýarym finalda jemleýji tapgyra çykmak üçin 15 gatnaşyjy bäsleşdi. Finala Gresiýa, Finlýandiýa, Belgiýa, Şwesiýa, Moldowa, Ysraýyl, Serbiýa, Horwatiýa, Litwa we Polşa geçdi.

Şeýlelikde, «Ýewrowideniýe-2026» bäsleşigindäki göreşini Estoniýa, Gruziýa, Çernogoriýa, Portugaliýa we San-Marino tamamlady.

Däp boýunça jemleýji tapgyra geçen gatnaşyjylaryň atlary tötänleýin tertipde yglan edildi — bu ýarym finaldaky jemleýji orunlary aňlatmaýar. Ses berlişigiň ähli netijeleri, adatça, final tamamlanandan soň çap edilýär, sebäbi olar finalyň kabul edilişine täsir etmezligi maksat edinilýär.

Ikinji ýarym final 14-nji maýda geçiriler. Ondan soň uly finalyň doly düzümi, şeýle hem Latwiýanyň geçip-geçmejegi belli bolar. «Ýewrowideniýe-2026» bäsleşiginiň finaly şenbe güni — 16-njy maýda geçiriler.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidentiniň kitabynyň ýapon dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi

Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidentiniň kitabynyň ýapon dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi

15:15 Oktýabr 27, 2026
Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri Kataryň Söwda işleri boýunça Döwlet ministri bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri Kataryň Söwda işleri boýunça Döwlet ministri bilen duşuşdy

21:09 Oktýabr 26, 2026
Türkmenistanyň wekiliýeti Doha şäherinde Bütindünýä maýa goýum forumyna gatnaşýar

Türkmenistanyň wekiliýeti Doha şäherinde Bütindünýä maýa goýum forumyna gatnaşýar

20:26 Oktýabr 26, 2026