HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Gurbanguly Berdimuhamedow Malaýziýanyň Premýer-ministriniň ýanyndaky Syýasy meseleler boýunça konsultatiw komitetiň başlygyny kabul etdi

Maý 13, 2026 | 20:20 |5818
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Malaýziýanyň Premýer-ministriniň ýanyndaky Syýasy meseleler boýunça konsultatiw komitetiň başlygy Tan Şri Mohd Hassan Marikan bilen duşuşdyTürkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Malaýziýanyň Premýer-ministriniň ýanyndaky Syýasy meseleler boýunça konsultatiw komitetiň başlygy Tan Şri Mohd Hassan Marikan bilen duşuşdy
Çeşme: orient.tm

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Malaýziýanyň Premýer-ministriniň ýanyndaky Syýasy meseleler boýunça konsultatiw komitetiň başlygy Tan Şri Mohd Hassan Marikan bilen duşuşdy.

Duşuşygyň esasy temasy hyzmatdaşlygy Hazar deňziniň türkmen böleginiň çäklerinden daşary giňeltmek boldy. Malaýziýa tarapy harytlyk gazyň öndürilişini artdyrmak üçin ägirt uly «Galkynyş» gaz känini özleşdirmäge gatnaşmaga gyzyklanma bildirdi. Gurbanguly Berdimuhamedow bu teklipleriň ähmiýetini belläp, hyzmatdaşlaryň tagallalarynyň gazhimiýa senagatyndaky täze taslamalary durmuşa geçirmäge hem gönükdirilmeginiň maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy.

Söhbetdeşligiň dowamynda «PETRONAS» kompaniýasynyň Türkmenistandaky işiniň 30 ýyllyk ýubileýiniň ähmiýeti hem bellenilip geçildi. Bu sene mynasybetli, Malaýziýanyň Premýer-ministriniň öňde boljak saparynyň çäklerinde Önümi paýlaşmak hakyndaky şertnama gol çekilmegine we ugurdaş serginiň geçirilmegi meýilleşdirilýär.

Taraplar nebitgaz pudagy üçin milli hünärmenleri taýýarlamaga we önümçilige sanly tehnologiýalary ornaşdyrmaga aýratyn üns berdiler.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidentiniň kitabynyň ýapon dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi

Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidentiniň kitabynyň ýapon dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi

15:15 Oktýabr 27, 2026
Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri Kataryň Söwda işleri boýunça Döwlet ministri bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri Kataryň Söwda işleri boýunça Döwlet ministri bilen duşuşdy

21:09 Oktýabr 26, 2026
Türkmenistanyň wekiliýeti Doha şäherinde Bütindünýä maýa goýum forumyna gatnaşýar

Türkmenistanyň wekiliýeti Doha şäherinde Bütindünýä maýa goýum forumyna gatnaşýar

20:26 Oktýabr 26, 2026