HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Orbita üçin awtopilot: emeli aň hemralary özbaşdak ýangyç bilen üpjün etmegi we abatlamagy öwreder

Maý 02, 2026 | 14:10 |4216
Kosmos pudagy awtonomlygyň täze derejesine çykýar. Kremniý jülgesiniň EraDrive startapy hem-de aerokosmik ägirdi Northrop Grumman ýokary derejede özbaşdak emeli aň bilen enjamlaşdyrylan hemralary döretmek boýunça ylalaşyk baglaşdylarKosmos pudagy awtonomlygyň täze derejesine çykýar. Kremniý jülgesiniň EraDrive startapy hem-de aerokosmik ägirdi Northrop Grumman ýokary derejede özbaşdak emeli aň bilen enjamlaşdyrylan hemralary döretmek boýunça ylalaşyk baglaşdylar
Çeşme: Vantor

Kosmos pudagy awtonomlygyň täze derejesine çykýar. Kremniý jülgesiniň EraDrive startapy hem-de aerokosmik ägirdi Northrop Grumman ýokary derejede özbaşdak emeli aň bilen enjamlaşdyrylan hemralary döretmek boýunça ylalaşyk baglaşdylar. Bu tehnologik çözgüt çylşyrymly orbital amallary çalt, takyk we howpsuz prosese öwürmegi maksat edinýär.

Häzirki wagtda Northrop Grumman geostasionar orbitada beýleki hemralary ýangyç bilen üpjün etmek we olaryň hyzmat möhletini uzaltmak üçin Mission Extension Vehicle (MEV) enjamlaryny işjeň ulanýar. Şeýle-de bolsa, bu missiýalar ýokary derejede takyklygy talap edýär we köp wagt alýar. EraDrive tarapyndan işlenip taýýarlanan emeli aňyň integrasiýasy arkaly iň çylşyrymly tapgyrlar doly awtomatlaşdyrylar: neýrotorlar özbaşdak birleşme traýektoriýasyny hasaplar, ulgam hakyky wagtda daşky gurşawy seljerer, robotlaşdyrylan manipulýatorlar bolsa Ýerden operatorlaryň hemişelik gözegçiligi bolmazdan takyk abatlaýyş işlerini ýerine ýetirip biler.

Ýakyn bir ýylyň dowamynda kompaniýalar gönükmeklik we nawigasiýa ulgamlaryny, şeýle hem hemralaryň öz-özüni barlamak toplumyny işläp taýýarlamaga ünsi jemlärler. Programma üpjünçiligi bilen bir hatarda, EraDrive neýrotorlar üçin “göz” bolup hyzmat etjek ykjam sensorlar toplumyny döreder. Şol bir wagtda Northrop Grumman-yň golçur kärhanasy bolan SpaceLogistics 2026-njy ýylyň ahyrynda köp basgançakly wezipeleri ýerine ýetirip bilýän uniwersal manipulýatorly täze görnüşli orbital enjamy uçurmaga taýýarlanýar.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň Premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň Premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

00:01 Iýun 21, 2026
Ýewropa Geňeşiniň başlygy Antoniu Koşta Russiýa bilen diplomatik kanaly açmak barada karar kabul etdi

Ýewropa Geňeşiniň başlygy Antoniu Koşta Russiýa bilen diplomatik kanaly açmak barada karar kabul etdi

16:36 Iýun 20, 2026
Kreatiw industriýalary GDA-nyň medeni dialogynyň täze formaty hökmünde – Sankt-Peterburgdan Aşgabada çenli

Kreatiw industriýalary GDA-nyň medeni dialogynyň täze formaty hökmünde – Sankt-Peterburgdan Aşgabada çenli

09:00 Iýun 20, 2026