HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Taýwan meselesi hytaý-amerikan gatnaşyklaryndaky iň uly meseledir: Hytaýyň daşary işler ministri

Maý 01, 2026 | 22:40 |4326
Çeşme: orient.tm

Taýwan meselesi Hytaýyň esasy bähbitlerine degişlidir we hytaý-amerikan gatnaşyklaryndaky meseleleri emele getirýär diýip, Hytaýyň daşary işler ministri Wan I penşenbe güni ABŞ-nyň döwlet sekretary Marko Rubio bilen geçiren telefon söhbetdeşliginiň dowamynda mälim etdi.

Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi Komitetiniň Syýasy býurosynyň agzasy bolan Wan I Hytaý-ABŞ hyzmatdaşlygy üçin täze mümkinçilikleri açmak hem-de bütindünýä parahatçylygyna goşant goşmak bilen bagly meseleleri belläp geçdi. Döwlet baştutanlarynyň diplomatiýasy elmydama Hytaý-ABŞ gatnaşyklarynyň daýanjy bolup hyzmat etdi diýip, Wan I aýtdy.

Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Trampynyň strategik ýolbaşçylygynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň umuman durnukly galandygyny belläp, Wan I munuň her iki halkyň düýpli bähbitlerine laýyk gelýändigini aýtdy.

Iki tarap hem kynçylyk bilen gazanylan durnuklylygy goramalydyrlar, ýokary derejedäki gatnaşyklaryň esasy meselelerine gowy taýýarlyk görmelidirler, hyzmatdaşlyk ugurlaryny giňeltmelidirler, düşünişmezlikleri sazlamalydyrlar, strategik, konstruktiw we durnukly hytaý-amerikan gatnaşyklaryny gurmagyň mümkinçiliklerini öwrenmelidiler, şeýle hem özara hormat goýulmagyna, parahatçylykly bile ýaşaşmaga we özara bähbitli hyzmatdaşlyga çalyşmalydyrlar. Öz gezeginde, Rubio ABŞ bilen Hytaýyň arasyndaky gatnaşyklaryň dünýädäki iň möhüm ikitaraplaýyn gatnaşyklardygyny we döwlet Baştutanlarynyň diplomatiýasynyň bu gatnaşyklaryň esasynda durýandygyny mälim etdi.

Iki tarap hem aragatnaşygy we utgaşyklylygy saklamalydyr, biri-birine hormat goýmalydyr, düşünişmezlikleri talaba laýyk usulda sazlamalydyr, Amerikanyň Birleşen Ştatlary bilen Hytaýyň arasyndaky ýokary derejeli gatnaşyklar üçin tejribe toplamalydyr we ABŞ bilen Hytaýyň arasyndaky gatnaşyklarda strategik durnuklylyga ymtylmalydyr diýip, Rubio aýtdy.

Taraplar şeýle hem, Ýakyn Gündogardaky ýagdaýlar boýunça pikir alyşdylar.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

00:53 Iýun 20, 2026
Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

23:55 Iýun 19, 2026
Syýasatdan daşary futbol barada — Merkezi Aziýanyň watançylyk duýgusy

Syýasatdan daşary futbol barada — Merkezi Aziýanyň watançylyk duýgusy

21:30 Iýun 19, 2026