HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Hytaý 1-nji maýdan başlap, afrikanyň ähli 53 ýurdy üçin nola deň bolan gümrük pajalaryny girizýär

Maý 01, 2026 | 22:25 |4439
Çeşme: orient.tm

Hytaý anna gününden başlap, diplomatik gatnaşyklary saklaýan afrikanyň ähli 53 ýurdy üçin nola deň bolan gümrük pajalary syýasatyny girizýär. Söwda ministrliginiň wekiliniň aýtmagyna görä, bu ädim ýurduň ýokary derejeli açyklygy giňeltmäge bolan ygrarlylygyny görkezýär.

2024-nji ýylyň 1-nji dekabryndan bäri Hytaý özi bilen diplomatik gatnaşyklary bolan iň az ösen 33 sany afrika ýurduna ähli nyrh görkezijileri boýunça 100% nola deň bolan gümrük pajalaryny eýýäm beripdi.

Taze çäre iň az ösen ýurtlaryň hataryna girmeýän galan 20 sany afrika ýurduna hem degişli bolar. Bu çäre iki ýylyň dowamynda ýeňillikli nyrh şertleriniň üsti bilen amala aşyrylar.

Şunlukda, Hytaý özi bilen diplomatik gatnaşyklary saklaýan ähli afrika ýurtlaryna we ähli iň az ösen ýurtlara bir taraplaýyn tertipde hemmetaraplaýyn nola deň bolan gümrük düzgünini beren dünýäniň ilkinji iri ykdysadyýeti boldy.

«1-nji maýdan güýje girýän gümrük pajalaryny ýatyrmak boýunça çäreler, Hytaý bilen iň az ösen ýurtlaryň hataryna girmeýän afrika döwletleriniň arasyndaky bilelikdäki ösüş ugrundaky ykdysady hyzmatdaşlyk baradaky ylalaşygyň dowamynda işlenip düzülen innowasion çözgütdir. Bu tapgyrlaýyn we täzeçil çözgüt käbir afrika ýurtlarynyň gysga wagtyň içinde Hytaý bilen gepleşikleri tamamlamakda ýüzbe-ýüz bolýan amaly kynçylyklaryny ýeňip geçmäge gönükdirilendir.

Hytaý afrika ýurtlarynyň uzak möhletleýin, durnukly we institutlaşdyrylan nola deň bolan paja düzgüninden peýdalanyp bilmekleri üçin ykdysady hyzmatdaşlyk baradaky gepleşikleri dowam etdirer» — diýip, ministrligiň Bütindünýä Söwda Guramasy departamentiniň direktorynyň orunbasary Çen Ýusun mälim etdi.

«Ministrlik gümrük pajalaryny ýatyrmak boýunça çäreleriň netijeli ulanylmagyny üpjün etmek üçin degişli edaralar bilen hyzmatdaşlyk eder diýip, resmi belledi.

Hytaý taraplaryň bähbidine bolan ylalaşyklara ýetmek hem-de ikitaraplaýyn ykdysady we söwda hyzmatdaşlygyny ösdürmek üçin institusional kepillikleri bermek maksady bilen, afrika ýurtlary bilen ykdysady hyzmatdaşlyk baradaky ylalaşyklar boýunça gepleşikleri we olaryň gol çekilmegine gönükdirilen işleri dowam etdirer».

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Kanada ABŞ-dan getirilýän harytlara 20 milliard ABŞ dollary möçberinde jogap salgytlaryny girizýär we telekeçiligi goldamak boýunça çäreler toplumyny yglan edýär

Kanada ABŞ-dan getirilýän harytlara 20 milliard ABŞ dollary möçberinde jogap salgytlaryny girizýär we telekeçiligi goldamak boýunça çäreler toplumyny yglan edýär

19:30 Awgust 26, 2026
Aşgabat we Astana strategik hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmaga ygrarlydyklaryny tassykladylar

Aşgabat we Astana strategik hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmaga ygrarlydyklaryny tassykladylar

19:10 Awgust 26, 2026
Beýik Britaniýada rekord derejedäki yssy ulag ulgamyndaky meselelerini ýüze çykardy

Beýik Britaniýada rekord derejedäki yssy ulag ulgamyndaky meselelerini ýüze çykardy

17:00 Awgust 26, 2026