HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan bilen Moldowa söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar

Aprel 29, 2026 | 15:45 |7770
Kişinýew şäherinde iş saparynyň dowamynda, Türkmenistanyň Moldowa Respublikasyndaky (oturýan ýeri Kiýew şäheri) Ilçisi T.Ataýew Söwda-senagat edarasynyň prezidenti Sergeý Harýa we Söwda-senagat edarasynyň wise-prezidenti Mihaý Bylba bilen duşuşdyKişinýew şäherinde iş saparynyň dowamynda, Türkmenistanyň Moldowa Respublikasyndaky (oturýan ýeri Kiýew şäheri) Ilçisi T.Ataýew Söwda-senagat edarasynyň prezidenti Sergeý Harýa we Söwda-senagat edarasynyň wise-prezidenti Mihaý Bylba bilen duşuşdy
Çeşme: Türkmenistanyň Ukrainadaky Ilçihanasy

Kişinýew şäherinde iş saparynyň dowamynda, Türkmenistanyň Moldowa Respublikasyndaky (oturýan ýeri Kiýew şäheri) Ilçisi T.Ataýew Söwda-senagat edarasynyň prezidenti Sergeý Harýa we Söwda-senagat edarasynyň wise-prezidenti Mihaý Bylba bilen duşuşdy.

Duşuşykda taraplar ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň häzirki ýagdaýyny we mümkinçiliklerini jikme-jik ara alyp maslahatlaşdylar. Söwda dolanyşygyny artdyrmak üçin geljegi uly ugurlary kesgitlemäge, şeýle hem işewür gatnaşyklary güýçlendirmäge gönükdirilen amaly çäreleri işläp düzmäge üns berildi.

Taraplar kiçi we orta telekeçiligiň özara hyzmatdaşlygyny goldamagyň mümkin bolan mehanizmlerini, şol sanda işewür maglumatlaryny alyşmagy, olaryň saparlaryny guramagy, degişli sergilere we ýarmarkalara gatnaşmagy ara alyp maslahatlaşdylar. Telekeçileriň arasynda gönüden-göni gatnaşyklary ýola goýmak üçin amatly şertleri döretmegiň möhümdigi bellenildi.

развитие сотрудничества с Молдова

Türkmen tarapy ýurduň ykdysady mümkinçilikleri we dowam edýän taslamalary barada jikme-jik maglumat berdi. Hususan-da, ýangyç-energetika toplumynyň depginli ösüşi bellenildi. Himiýa senagatynda, oba hojalygynda, dokma senagatynda we azyk önümlerini gaýtadan işlemekde, şeýle hem ulag we logistika infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmakda gazanylan üstünlikler nygtaldy.

Şu nukdaýnazardan, Türkmenistanyň Ilçisi moldawiýaly hyzmatdaşlary Türkmenistanda geçirilýän sergilere we ýarmarkalara işjeň gatnaşmaga çagyrdy.

Moldowa tarapy energiýa, himiýa senagatynda we beýleki ileri tutulýan pudaklarda hyzmatdaşlygy ösdürmäge, şeýle hem işewür çärelere gatnaşmaga gyzyklanma bildirdi.

Duşuşykdan soňra, taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň uly mümkinçiliklerini tassykladylar we ony mundan beýläk-de ösdürmäge özara gyzyklanma bildirdiler.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

00:53 Iýun 20, 2026
Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

23:55 Iýun 19, 2026
Syýasatdan daşary futbol barada — Merkezi Aziýanyň watançylyk duýgusy

Syýasatdan daşary futbol barada — Merkezi Aziýanyň watançylyk duýgusy

21:30 Iýun 19, 2026