HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Hytaýyň «Fengyun-4C» hemrasy güýçli Gün partlamasyny surata düşürdi

Aprel 26, 2026 | 17:10 |4610
Çeşme: orient.tm

Anna güni Pekin wagty bilen sagat 09:07-de Günüň ýüzünde güýçli partlama boldy. Bu waka Hytaýyň «Fengyun-4C» geostasionar meteorologiýa hemrasy tarapyndan ýokary takyklykda hasaba alyndy diýip, Hytaýyň Meteorologiýa müdiriýetiniň habar berdi.

Partlama Günüň demirgazyk-günbatar gyrasyna golaý ýerdäki 14419 belgili işjeň zolakda gözegçilik edildi we iň ýokary derejesine 2,4 esse ýetdi. Partlama «C» derejesinden (Gün iň gowşagy ), «M» (ortaça) we «X» (iň güýçli) derejelerine çenli toparlara bölünýär.

Bu partlama gysga tolkunly radioaragatnaşykda we hemra nawigasiýa tolkunlarynyň wagtlaýyn bökdençlikleriň ýüze çykmagyna sebäp boldy.

Şeýle hem ol koronal massanyň zyňylmagy bilen utgaşdy, emma alymlar onuň ugrunyň Ýer şaryna tarap däldigini we agyr geomagnit sarsgynlaryna sebäp bolmajakdygyny mälim etdiler.

Geçen ýylyň 27-nji dekabrynda ýurduň günorta-günbataryndaky Siçan kosmodromyndan älem giňişligine uçurylan «Fengyun-4C» hemrasy häzirki wagtda bir sany hemranyň kömegi bilen desgalary hemmetaraplaýyn anyklamak mümkinçilikleri boýunça dünýäniň iň güýçli geostasionar meteorologiýa hemrasy hasaplanýar.

Bu enjam orta we kiçi göwrümli howa ulgamlaryna gözegçiligi we olar barada öňünden duýdurmak ukybyny, şeýle hem kosmos howasynyň çeşmelerine gözegçiligi ep-esli gowulandyryp biler. Şeýlelikde, ol meteorologik betbagtçylyklaryň öňüni almakda we olaryň zyýanyny azaltmakda esasy goranyş wezipesini has-da berkider.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

00:53 Iýun 20, 2026
Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

23:55 Iýun 19, 2026
Syýasatdan daşary futbol barada — Merkezi Aziýanyň watançylyk duýgusy

Syýasatdan daşary futbol barada — Merkezi Aziýanyň watançylyk duýgusy

21:30 Iýun 19, 2026