HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanda ilkinji gezek Hytaý diliniň synag merkezini döretmek meýilleşdirilýär

Aprel 24, 2026 | 22:35 |8426
Türkmenistanda ilkinji gezek Hytaý diliniň HSK synag merkezini döretmek meýilleşdirilýärTürkmenistanda ilkinji gezek Hytaý diliniň HSK synag merkezini döretmek meýilleşdirilýär
Çeşme: orient.tm

Türkmenistanda ilkinji gezek Hytaý diliniň HSK synag merkezini döretmek meýilleşdirilýär. Bu barada Hytaýyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Szi Şumin 23-nji aprelde Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde geçirilen Halkara hytaý dili gününe bagyşlanan çäredäki çykyşynda belläp geçdi.

Diplomatyň bellemegine görä, merkezi döretmek boýunça işler eýýäm alnyp barylýar we bu iş Hytaýyň Türkmenistandaky ilçihanasy hem-de hyzmatdaş guramalar tarapyndan goldanylýar.

“Häzirki wagtda ilçihana hyzmatdaşlarymyz bilen bilelikde Türkmenistanda ilkinji HSK synag merkezini döretmäge kömek edýär. Bu bolsa Hytaýyň ýokary okuw mekdeplerine okuwa girmek we Hytaýda iş tapmak işini ep-esli ýeňilleşdirer”, — diýip, ilçi nygtady.

Merkeziň açylmagy HSK halkara synagyny ýurduň özünde yzygiderli geçirmäge mümkinçilik berer, şeýle hem hytaý dilini öwrenýän talyplar we hünärmenler üçin täze giň mümkinçilikleri açar.

Şeýle merkeziň döredilmegi Türkmenistan bilen Hytaýyň arasynda bilim hyzmatdaşlygynyň ösdürilmeginde hem-de ýaşlaryň arasynda hytaý diliniň meşhurlygynyň artdyrylmagynda möhüm ädim hökmünde kabul edilýär.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Ata-babalaryň sesi: Türkmen “urany” halk mertebesiniň nyşany hökmünde

Ata-babalaryň sesi: Türkmen “urany” halk mertebesiniň nyşany hökmünde

22:35 Awgust 06, 2026
Türkmen wekiliýeti Niderlandlarda ahalteke atlarynyň dünýä çempionatyna taýarlygyň barşy bilen tanyşýarlar

Türkmen wekiliýeti Niderlandlarda ahalteke atlarynyň dünýä çempionatyna taýarlygyň barşy bilen tanyşýarlar

22:22 Awgust 05, 2026
Özbegistan ICCA-a agza boldy: ýurt dünýä forumlary we kongresleri üçin täze meýdança öwrüler

Özbegistan ICCA-a agza boldy: ýurt dünýä forumlary we kongresleri üçin täze meýdança öwrüler

22:04 Awgust 05, 2026