Daşkendiň suw diplomatiýasy: Özbegistan Merkezi Aziýada suw ýetmezçiligi meselesini nähili çözýär


22-nji aprelde Astanada Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň (AHHG) sammiti geçirildi. Bu waka Özbegistanyň ekologiýa meselelerinde sebit lideri hökmündäki ornuny berkidýär: 2027–2029-njy ýyllarda Gaznanyň başlyklygy resmi Daşkende geçer. Sebitde suw ýetmezçiliginiň 2050-nji ýyla çenli üç esse artmagy mümkin bolan şertlerde, Özbegistanyň strategiýasy tutuş Merkezi Aziýa üçin aýratyn möhüm ähmiýete eýe bolýar.
Içerki özgertmeler: tygşytlamakdan sanlylaşdyrmaga çenli\
Özbegistan suw serişdelerini dolandyrmagy döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri derejesine çykardy. Esasy görkezijiler täsirli:
• Tehnologiýalar: Soňky ýyllarda suw tygşytlaýjy suwaryşy ulanylýan ýerleriň meýdany 28 müň gektardan 2,6 million gektara çenli artdy.
• Sanlylaşdyrma: 13 müň desgada “Akylly suw” ulgamy ornaşdyryldy, bu bolsa serişdeleriň sarp edilişine onlaýn görnüşde gözegçilik etmäge mümkinçilik berýär.
• Netije: 2030-njy ýyla çenli toplumlaýyn çäreler (kanallary betonlamak we täze tehnologiýalar) her ýyl 15 milliard kub metr suwy tygşytlamaga mümkinçilik berer.
Aralýaka sebitiniň täzeden dikeldilmegi we “ýaşyl guşak”
Aral deňzi meselesi amaly çäreler arkaly çözülýär. Gurap galan deňiz düýbünde eýýäm 2 million gektara golaý tokaý zolaklary döredildi. Bu diňe bir zäherli tozanyň ýaýramagynyň öňüni almak bilen çäklenmän, eýsem ýerli ösümlik dünýäsini hem dikeldýär. Prezident Şawkat Mirziýoýewiň Aralýaka sebitini “Ekologiya innowasiýalarynyň zolagyna” öwürmek baradaky başlangyjy BMG tarapyndan resmi taýdan goldanyldy.
Sebitleýin hyzmatdaşlyk we gepleşikler
Özbegistan “suw diplomatiýasy” ýörelgesini işjeň öňe sürýär we goňşy ýurtlar bilen netijeli dialog alyp barýar. Bu hyzmatdaşlygyň çäklerinde Gazagystan, Täjigistan we Gyrgyzystan bilen iri suw howdanlaryny bilelikde peýdalanmak, täze GES-leri gurmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşylýar. Şeýle hem 2026–2036-njy ýyllary Suwdan tygşytly peýdalanmagyň onýyllygy diýip yglan etmek başlangyjy öňe sürüldi.
Sebitde durnuklylygy berkitmekde möhüm ädimleriň biri hem Owganystanyň tapgyrlaýyn görnüşde hyzmatdaşlyga çekilmegidir. Bu çemeleşme Amyderýa derýasynyň suw serişdelerini ähli taraplaryň bähbitleriniň deňagramlylygyny üpjün etmek arkaly adalatly we aç-açan paýlamagy maksat edinýär.
Özbegistanyň AHHG-a geljekki başlyklygy suw dolandyryşynyň bitewi ülňülerini ornaşdyrmaga mümkinçilik berer, bu bolsa Merkezi Aziýany howa töwekgelçiliklerinden gorar.
ORIENT








