Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Hytaý daşary ýurt azyk öndürijileriniň hasaba alynmagyny ýeňilleşdirer

Aprel 22, 2026 | 23:50 |4800
Hytaý 2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan başlap daşary ýurt azyk öndürijileriniň hasaba alynmagyny ýeňilleşdirerHytaý 2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan başlap daşary ýurt azyk öndürijileriniň hasaba alynmagyny ýeňilleşdirer
Çeşme: orient.tm

Hytaý 2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan başlap daşary ýurt azyk öndürijileriniň hasaba alynmagyny ýeňilleşdirer.

Hytaý Halk Respublikasynyň Baş gümrük müdirligi Hytaý bazaryna azyk önümlerini iberýän daşary ýurt kärhanalarynyň hasaba alyş tertibini täzeden gözden geçirdi. Täzelenen düzgünler söwda amallaryny ýeňilleşdirmäge we azyk howpsuzlygyny üpjün etmäge gönükdirilendir.

Täze düzgünlere görä, öňden bäri hasaba alnan takmynan 96 müň kompaniýanyň işi täsir astyna düşmez. Şol bir wagtda kärhanalaryň takmynan 95 göterimi hasaba alnyşyny awtomatiki uzaldyp biler. Galanlary üçin ýüz tutmagyň möhleti giňeldildi — indi ol hasaba alyş möhleti gutarmanka 3–12 aý aralygynda (öň 3–6 aýdy) bolar.

Täze gatnaşyjylar üçin resminama talaplary ýeňilleşdirildi, şeýle hem sanaw boýunça çaltlaşdyrylan hasaba alyş mehanizmi girizildi.

Täze düzgünler Hytaý Halk Respublikasynyň Baş gümrük müdirliginiň №280 belgili buýrugynda we 2026-njy ýyldaky №27 belgili düşündirişinde berkidildi.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Yrak Türkiýe bilen Jeýhan portuna nebit geçirilişi boýunça bir ýyllyk ylalaşyga gol çekdi

Yrak Türkiýe bilen Jeýhan portuna nebit geçirilişi boýunça bir ýyllyk ylalaşyga gol çekdi

23:55 Awgust 02, 2026
Ýewropa Bileleşigi Seutada (Ispaniýa) migrantlaryň köpçülikleýin gelmegi sebäpli gyssagly maslahat geçirýär

Ýewropa Bileleşigi Seutada (Ispaniýa) migrantlaryň köpçülikleýin gelmegi sebäpli gyssagly maslahat geçirýär

23:35 Awgust 02, 2026
1860-njy ýylda neşir edilen kitapdan türkmenler barada 10 gyzykly maglumat

1860-njy ýylda neşir edilen kitapdan türkmenler barada 10 gyzykly maglumat

21:45 Awgust 02, 2026