HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkiýäniň öňdebaryjy neşiri öz sanyny Türkmenistanyň üstünliklerine bagyşlady

Aprel 22, 2026 | 19:45 |6764
Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçihanasynyň başlangyjy bilen Türkiýäniň öňdebaryjy halkara žurnallarynyň biri bolan «Business Türk» Türkmenistanda 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» diýlip yglan edilmegine bagyşlanan ýörite sanyny çap etdiTürkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçihanasynyň başlangyjy bilen Türkiýäniň öňdebaryjy halkara žurnallarynyň biri bolan «Business Türk» Türkmenistanda 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» diýlip yglan edilmegine bagyşlanan ýörite sanyny çap etdi
Çeşme: Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçihanasy

Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçihanasynyň başlangyjy bilen Türkiýäniň öňdebaryjy halkara žurnallarynyň biri bolan «Business Türk» Türkmenistanda 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» diýlip yglan edilmegine bagyşlanan ýörite sanyny çap etdi.

Bu neşirde ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň taryhy, şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda syýasy, ykdysady, durmuş we hukuk ulgamlarynda, şeýle-de ylymda we medeniýetde gazanylan üstünlikler giňişleýin beýan edilýär.

Şeýle hem, žurnalda Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasy bilen hyzmatdaşlygynyň ösüşiniň mümkinçilikleri we sebit döwletleriniň arasynda hoşniýetli gatnaşyklary mundan beýläk-de berkitmek meselelerine bagyşlanan makalalar ýerleşdirildi.

Ýörite sanynda çap edilen makalalaryň awtorlary, şol sanda Türkiýäniň görnükli döwlet işgärleri, syýasatçy-alymlary we ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň Bitaraplygynyň özboluşlylygyny hem-de onuň sebit durnuklylygyny üpjün etmekdäki möhüm ornuny aýratyn nygtaýarlar.

Aýratyn üns energetika, ulag we suw diplomatiýasy ugurlaryndaky halkara başlangyçlaryna, şeýle hem Türkmenistanyň umumy parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen anyk ädimlerine gönükdirilýär.

Umuman, žurnal Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyny bellemäge taýýarlyk görülýän döwürde ýurdumyzda amala aşyrylýan möhüm wakalar, şeýle hem sebit we dünýä derejesinde durnukly ösüşe gönükdirilen halkara başlangyçlar barada okyjylara giňişleýin maglumat berýär.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

00:53 Iýun 20, 2026
Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

23:55 Iýun 19, 2026
Syýasatdan daşary futbol barada — Merkezi Aziýanyň watançylyk duýgusy

Syýasatdan daşary futbol barada — Merkezi Aziýanyň watançylyk duýgusy

21:30 Iýun 19, 2026