HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň Tehnoparkynyň nebit bilen hapalanan topraklary dikeltmek boýunça işläp taýýarlamasy

Aprel 22, 2026 | 16:47 |7421
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynda ekologik biotehnologiýa pudagynda nebit bilen hapalanan ýerleri dikeltmäge gönükdirilen innowasion çözüm işlenip düzüldi we patentleşdirildiTürkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynda ekologik biotehnologiýa pudagynda nebit bilen hapalanan ýerleri dikeltmäge gönükdirilen innowasion çözüm işlenip düzüldi we patentleşdirildi
Çeşme: Orient.tm

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynda ekologik biotehnologiýa pudagynda nebit bilen hapalanan ýerleri dikeltmäge gönükdirilen innowasion çözüm işlenip düzüldi we patentleşdirildi.

Ýerli uýgunlaşdyrma tehnologiýasy

Bu işläp taýýarlamanyň esasynda, gönüden-göni düzüminde nebit bolan galyndylardan alnan ýerli mikroorganizmleriň konsorsiumyny ulanmak usuly ýatyr. Olaryň hataryna “Penicillium chrysogenum”, “Trichoderma harzianum”, “Fusarium oxysporum” ýaly kömelek görnüşleri, şeýle hem “Rhodococcus” urugyna degişli bakteriýalar girýär.

Ýerli mikofloranyň ulanylmagy bioserişdäniň sebitiň howa şertlerine we hapalanmalaryň aýratynlyklaryna ýokary derejede uýgunlaşmagyny üpjün edýär hem-de arassalamagyň netijeliligini ýokarlandyrýar.

Biodestruksiýanyň üç basgançakly tapgyry

Usulýet yzygiderli üç tapgyry öz içine alýar. Birinji tapgyrda uglewodorod birleşmelerini netijeli dargatmaga ukyply iň işjeň ştammlaryň skriningi we saýlanyp alynmagy amala aşyrylýar.

Soňra fermentasiýa amala aşyrylýar — bu döwrebap bioreaktorlaryň kömegi bilen dolandyrylýan şertlerde biomassanyň köpeldilmegidir. Jemleýji tapgyrda bolsa iş ýüzünde ulanmaga taýýar bolan bioserişdäniň kemala getirilmegi göz öňünde tutulýar.

Bioserişdäniň dürli görnüşlerinde geçirilen deňeşdirme seljermesi, tehnologiýany anyk ekologik wezipelere görä uýgunlaşdyrmaga mümkinçilik berýär.

Ekologik täsir we topragyň dikeldilmegi

Bioserişde çylşyrymly uglewodorodlaryň çuňňur dargama amallaryny başladýar we zäherli birleşmeleri ekologik taýdan howpsuz madda çalşygy önümlerine öwürýär.

Şol bir wagtyň özünde topragyň biosenozynyň dikelmegi bolup geçýär: peýdaly mikofloranyň işjeňligi artýar, ýerleriň tebigy regenerasiýasy çaltlanýar. Miseliniň (kömelek pöküsi) ösmegi topragyň gurluşynyň gowulanmagyna ýardam edýär, ýel eroziýasynyň töwekgelçiligini azaldýar we topragyň durnuklylygyny ýokarlandyrýar.

Nebit şepbikleriniň (smolalarynyň) konsentrasiýasynyň peselmegi topragyň gatlagynyň gaz çalşygynyň we suw geçirijiliginiň dikelmegine ýardam edýär, bu bolsa çäkleriň geljekki ekologik dikelişi üçin möhüm şertdir.

«Ýaşyl» gün tertibine goşant

Bu taslama, ählumumy «ýaşyl» gün tertibiniň amala aşyrylmagynda türkmen biotehnologiýasynyň mümkinçiliklerini görkezýär.

Şeýle çözgütleriň iş ýüzünde ulanylmagy, zalaýanma sezewar bolan ýerleri dikeltmek we nebit çykarylyşy bilen bagly ekologik töwekgelçilikleri azaltmak boýunça milli tagallalaryň möhüm bölegi bolup biler.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň Premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň Premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

00:01 Iýun 21, 2026
Ýewropa Geňeşiniň başlygy Antoniu Koşta Russiýa bilen diplomatik kanaly açmak barada karar kabul etdi

Ýewropa Geňeşiniň başlygy Antoniu Koşta Russiýa bilen diplomatik kanaly açmak barada karar kabul etdi

16:36 Iýun 20, 2026
Kreatiw industriýalary GDA-nyň medeni dialogynyň täze formaty hökmünde – Sankt-Peterburgdan Aşgabada çenli

Kreatiw industriýalary GDA-nyň medeni dialogynyň täze formaty hökmünde – Sankt-Peterburgdan Aşgabada çenli

09:00 Iýun 20, 2026