HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Aşgabat — Türkmenabat awtomobil ýolunda 4G ulgamy gurnaldy

Aprel 21, 2026 | 21:16 |10094
Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Mary — Türkmenabat böleginde «Altyn Asyr» öýjükli aragatnaşyk ulgamynyň häzirki zaman 4G ülňüleri gurnalyp, ulanyşa berildiAşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Mary — Türkmenabat böleginde «Altyn Asyr» öýjükli aragatnaşyk ulgamynyň häzirki zaman 4G ülňüleri gurnalyp, ulanyşa berildi
Çeşme: orient.tm

Döwlet baştutanymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň ulag-logistika ulgamynda iri taslamalary üstünlikli durmuşa geçirmek, ulag diplomatiýasynyň çäklerinde üstaşyr mümkinçilikleri giňeltmek döwletimiziň milli maksatnamalarynda özboluşly beýanyny tapýar.

Golaýda, Hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň ahyrky tapgyrynyň, Mary — Türkmenabat böleginiň dabaraly ýagdaýda açylyp ulanmaga berilmegi «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylyna şan berýän ajaýyp wakalaryň biri boldy.

Bu taslama ýurduň ulag we aragatnaşyk infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak bilen ýol ulanyjylary üçin ýokary tizlikli mobil interneti bilen üpjün edildi. Ýagny, Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Mary — Türkmenabat böleginde «Altyn Asyr» öýjükli aragatnaşyk ulgamynyň häzirki zaman 4G ülňüleri gurnalyp, ulanyşa berildi.

Gurnalan 4G ulgamy arkaly maglumatlaryň ýokary tizlikde geçirilmegi, sesli we wideoly aragatnaşygyň hiliniň ýokarlandyrylmagy gazanyldy. Şeýle hem bu hyzmatlar ýol boýunça hereket edýän raýatlaryň sanly hyzmatlardan, şol sanda nawigasiýa, onlaýn maglumat çeşmeleri we beýleki internet mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmagyna şert döretdi.

Bu başlangyç diňe bir ýol ulanyjylary üçin amatly şertleri döretmek bilen çäklenmän, eýsem ýurduň ykdysady we jemgyýetçilik ösüşine hem oňyn täsir edýär. Aragatnaşyk ulgamynyň kämilleşdirilmegi ulag-logistika ulgamlarynyň netijeliligini ýokarlandyrýar we sebitleriň arasynda baglanyşygy pugtalandyrýar.

Öňdengörüjilikli, parasatly başlangyçlary bilen döwletimizi dünýäniň innowasion ösen ýurtlarynyň hataryna goşmaga giň ýol açyp berýän, Watanymyzyň tehnologiýa ösüşi we halkymyzyň bagtyýarlygy ugrunda beýik işleri durmuşa geçirýän Türkmen Halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyza hem-de Hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sag bolsun aýdýarys!

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Türkmenistan we Malaýziýa nebitgaz pudagyndaky hyzmatdaşlygyny täze ylalaşyklar bilen berkretdiler

Türkmenistan we Malaýziýa nebitgaz pudagyndaky hyzmatdaşlygyny täze ylalaşyklar bilen berkretdiler

00:02 Iýun 21, 2026
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň Premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň Premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

00:01 Iýun 21, 2026
Ýewropa Geňeşiniň başlygy Antoniu Koşta Russiýa bilen diplomatik kanaly açmak barada karar kabul etdi

Ýewropa Geňeşiniň başlygy Antoniu Koşta Russiýa bilen diplomatik kanaly açmak barada karar kabul etdi

16:36 Iýun 20, 2026