HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Aragatnaşyk ministrliginiň Politehniki orta hünär okuw mekdebinde wagyz-nesihat çäresi geçirildi

Aprel 21, 2026 | 20:55 |10668
Wagyz-nesihat çäresine Politehniki orta hünär okuw mekdebiniň mugallymlarydyr, talyp ýaşlary, şeýle hem, Türkmenistanyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylarWagyz-nesihat çäresine Politehniki orta hünär okuw mekdebiniň mugallymlarydyr, talyp ýaşlary, şeýle hem, Türkmenistanyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar
Çeşme: orient.tm

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda ýurdumyzda sportuň we sagdynlygyň aýyna bagyşlanyp geçirilýän çäreleriň çäklerinde, Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň Politehniki orta hünär okuw mekdebi bilen Türkmenistanyň jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde gurnamagynda «Saglygym - baş baýlygym» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Wagyz-nesihat çäresine Politehniki orta hünär okuw mekdebiniň mugallymlarydyr, talyp ýaşlary, şeýle hem, Türkmenistanyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Çärede çykyş edenler «Hormatly Prezidentimiziň pähim- paýhasy bilen ýurdumyzda Türkmenistan döwletimizi sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurduna öwürmek, bedenterbiýäni we sporty hil taýdan täze basgançaklara çykarmak, sporty wagyz etmek sagdyn durmuş ýörelgelerini has-da dabaralandyrýar» diýip belläp geçdiler.

Talyp ýaşlar bolsa, öz çykyşlarynda ýurdumyzyň ähli bilim ojaklary bilen bir hatarda, Politehniki orta hünär okuw mekdebinde geçirilýän sport çärelerine, ýaryşlara, baglary idetmek, arassaçylyk düzgünlerini berjaý etmek ýaly ýowar işlerine işjeň gatnaşyp, ýurdumyzyň abadançylygy we mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda bilimlerini has-da kämilleşdirip, yhlasly zähmet çekjekdiklerine ynandyrdylar.

Çärä gatnaşyjylar türkmen döwletini bagtyýarlyga alyp barýan Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza sport bilen meşgullanmaga döredilýän ähli mümkinçilikleri üçin alkyş sözlerini beýan etdiler.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidentiniň kitabynyň ýapon dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi

Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidentiniň kitabynyň ýapon dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi

15:15 Oktýabr 27, 2026
Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri Kataryň Söwda işleri boýunça Döwlet ministri bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri Kataryň Söwda işleri boýunça Döwlet ministri bilen duşuşdy

21:09 Oktýabr 26, 2026
Türkmenistanyň wekiliýeti Doha şäherinde Bütindünýä maýa goýum forumyna gatnaşýar

Türkmenistanyň wekiliýeti Doha şäherinde Bütindünýä maýa goýum forumyna gatnaşýar

20:26 Oktýabr 26, 2026