Turkish Airlines Aşgabat–Stambul ugurlary boýunça hepdelik gatnawlaryň sanyny 20-ä ýetirýär

Aprel 18, 2026 | 23:20 |8845
2026-njy ýylyň 20-nji aprelinden başlap, Turkish Airlines awiakompaniýasy Aşgabat–Stambul–Aşgabat ugurlary boýunça uçuşlaryň sanyny hepdede 20 gatnawa çenli artdyrar2026-njy ýylyň 20-nji aprelinden başlap, Turkish Airlines awiakompaniýasy Aşgabat–Stambul–Aşgabat ugurlary boýunça uçuşlaryň sanyny hepdede 20 gatnawa çenli artdyrar
Çeşme: orient.tm

2026-njy ýylyň 20-nji aprelinden başlap, Turkish Airlines awiakompaniýasy Aşgabat–Stambul–Aşgabat ugurlary boýunça uçuşlaryň sanyny hepdede 20 gatnawa çenli artdyrar.

Häzirki wagtda ýerine ýetirilýän gündelik gatnawlardan başga-da, täze tertibe duşenbe, çarşenbe we şenbe günleri goşmaça uçuşlar giriziler.

Täzelenen tertibe laýyklykda, esasy gündelik gatnawlar aşakdaky ýaly ýerine ýetirilýär:

— Stambulyň howa menzilinden 01:10-da uçup, Aşgabatda 06:50-de gonýar, yzyna uçuş 08:10-da bolup, Stambula 10:25-de barýar;

— agşamky uçuş Stambulyň howa menzilinden 20:15-de çykyp, Aşgabatda 01:55-de gonýar, yzyna uçuş 03:15-de bolup, Stambula 05:30-da ýetýär.

20-nji aprelden girizilýän goşmaça gatnawlar:

— duşenbe, çarşenbe we şenbe günleri: Stambulyň howa menzilinden 16:30-da uçup, Aşgabatda 22:10-da gonýar, yzyna uçuş 23:30-da bolup, Stambula 01:45-de barýar;

— şeýle hem sişenbe, anna we ýekşenbe günleri: Stambulyň howa menzilinden 14:15-de uçup, Aşgabatda 19:50-de gonýar, yzyna uçuş 21:10-da bolup, Stambula 23:25-de ýetýär.