Türkmen we Hytaý lukmançylyk ýokary okuw mekdepleri ulgamlaýyn dialogy ýola goýýarlar


15-nji aprelde Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde Pekiniň hytaý lukmançylygy uniwersitetiniň rektory Tan Çžişunyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi. Onda iki ýurduň arasynda saglygy goraýyş ulgamynda ýola goýlan gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we ony mundan beýläk-de ösdürmegiň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy diýip, TDH habar berýär.
Ir bilen Pekiniň hytaý lukmançylygy uniwersitetiniň rektory Tan Çžişunyň ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyna degişli düzümleriň ýolbaşçylary hem-de wekilleri bilen duşuşygy boldy. Duşuşykda saglygy goraýyş we bilim ulgamlarynda döwletara hyzmatdaşlygyň barha güýçlenýändigi aýratyn bellenildi.
Esasy üns Hytaýyň müňýyllyklardan gözbaş alýan lukmançylyk tejribesi bilen Türkmenistanyň dermanlyk ösümliklere baý tebigy şertleriniň utgaşdyrylmagyna gönükdirildi. Bu ugurda hyzmatdaşlyk häzirki zaman lukmançylyk ylmynda gazanylan üstünlikleri we asyrlaryň dowamynda emele gelen iň gowy tejribeleri giňden öwrenmäge ýol açar.

Duşuşygyň dowamynda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti bilen Pekiniň hytaý lukmançylygy uniwersitetiniň arasynda Türkmen-hytaý adaty hytaý lukmançylygy merkezini döretmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi. Bu çözgüt lukmançylyk ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmekde möhüm ädim boldy.
Dabara gatnaşyjylara milli saglygy goraýyş ulgamyna degişli maglumatlardan ybarat bolan sergi görkezildi. Onda türkmen topragynda bitýän dermanlyk ösümliklere degişli maglumatlar, ýurdumyzyň şypahanalarynyň mümkinçilikleri, dürli dermanlyk ösümliklerden taýýarlanan melhem çaýlaryň görnüşleri görkezildi. Sergide Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabyna aýratyn orun berlipdir.

Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde Adaty däl lukmançylyk otagynyň açylyş dabarasy Pekiniň hytaý lukmançylygy uniwersitetiniň rektorynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň ýurdumyza saparynyň çäklerinde meýilleşdirilen çäreleriň many-mazmun taýdan baýlaşmagyny üpjün etdi.
Milli lukmançylyk ulgamynda möhüm ähmiýeti bolan Adaty däl lukmançylyk otagynyň açylyş dabarasyna Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewanyň gatnaşmagy onuň ähmiýetini has-da artdyrdy.
Çykyş edenler iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň köptaraplaýyn häsiýete eýedigini, aýratyn-da saglygy goraýyş we bilim ugurlarynyň ileri tutulýandygyny bellediler.

Dabara gatnaşyjylar döwrebap otagda döredilen şertler, onuň lukmançylyk enjamlary we adaty däl lukmançylygyň esasy ugurlary baradaky maglumatlar bilen tanyşdylar. Soňra şanly wakanyň hormatyna guralan dabara ýokary okuw mekdebiniň uly mejlisler zalynda dowam etdi. Bu ýerde iki bilim ojagynyň arasynda gatnaşyklaryň ösdürilmegi ugrundaky tagallalary we özara tejribe alyşmaga mynasyp goşandy nazara alnyp, Pekiniň hytaý lukmançylygy uniwersitetiniň rektory Tan Çžişuwa Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň hormatly professory diýen ady dakmak baradaky çözgüt beýan edildi.











