HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Haýkou şäherinde geçirilýän sarp ediş harytlarynyň sergisi hytaý premium-brendleriniň dünýäde ösýändigini görkezýär

Aprel 17, 2026 | 15:30 |4131
Çeşme: orient.tm

Hytaýyň günortasyndaky Haýnan welaýatynyň Haýkou şäherinde altynjy Hytaý halkara sarp ediş harytlary sergisi (CICPE) geçirilýär. Bu çäre hytaý brendleriniň dünýä bazaryndaky bäsdeşlik ukybynyň artýandygyny we ýurduň sarp ediş bazarynyň giňeýändigini görkezýär.

Bu ýylky Sergide ýokary hilli ýerli önümlere bagyşlanan ýörite bölümler, şeýle hem daşary ýurt bazarlaryna çykmagy maksat edinýän öňdebaryjy hytaý brendleri görkezilýär. Bu ýagdaý “Hytaýda öndürilen” önümleriniň dünýä derejesinde barha özüne çekijiliginiň artýandygyny görkezýär.

Ýerli premium önümler zolagy öňdebaryjy tehnologiýalary, ekologiýa innowasiýalaryny we intellektual önümçiligi birleşdirýän dürli hytaý brendlerini öz içine alýar.

Sergä gatnaşýanlaryň arasynda “Premium Çžeszýan” zolagy aýratyn tapawutlanýar. Bu bölümde Hytaýyň gündogaryndaky deňizýaka Çžeszýan welaýatynyň öňdebaryjy kompaniýalary we täze brendleri görkezilýär.

Sergi zolagynda öňdebaryjy tehnologiýalaryň adaty pudaklaryň döwrebaplaşmagyna we özgermegine nähili ýardam berýän 100-den gowrak önüm görkezilýär.

Sergi diwarlarynda myhmanlar üçin interaktiw giňişlik döredilipdir. Bu ýerde olar önümler bilen tanyşyp, dynç alyp we özara pikir alyşyp bilerler.

“Biz Haýnan erkin söwda portunyň işlemeginden gelip çykýan syýasat artykmaçlyklaryndan, şol sanda gümrük paçsyz nyrhnamalaryndan we gaýtadan işlemek boýunça ýeňilliklerden doly peýdalanarys. Şeýlelikde, Çžeszýan welaýatynyň önümçiligini Haýnan kanaly bilen baglanyşdyrýan täze ýoly açarys we bu sebitden bolan has köp bäsdeşlige ukyply öndürijilere dünýä bazaryna çykmaga mümkinçilik dörederis”, — diýip, Çžeszýan welaýatynyň Bazar gözegçiligi müdirliginiň başlygy Se Sýaoýun aýtdy.

Şol bir wagtda serginiň çäginde “Hytaýda söwda” atly kampaniýa we ýokary hilli eksport önümlerini öňe sürmek boýunça milli maksatnama ýaly goşmaça çäreler hem işe girizildi.

“Premium Heýlunszýan önümleriniň global öňe sürülmegi (Haýkou tapgyry)” atly işewürlik duşuşygynda Hytaýyň demirgazyk-gündogaryndaky Heýlunszýan welaýatyndan hem-de Haýnandan birnäçe kompaniýa we meşhur brendler özara bazarlarda ýokary hilli we aýratyn önümleri öňe sürmek, şeýle hem täze bilelikdäki brend önümlerini ösdürmek boýunça strategik hyzmatdaşlyk ylalaşyklaryna gol çekdiler.

Heýlunszýan welaýatynyň Söwda departamentiniň wekili Gen Bin şeýle aýtdy: “Biz Haýnanyň dünýä bazarlaryna açyk derweze hökmünde çykyş edýän ornundan peýdalanmagy maksat edinýäris. Haýnan erkin söwda portunyň global mümkinçiliklerinden peýdalanyp, "onlaýn we oflaýn integrasiýasy" hem-de "giň gerimli gurşaw" aýratynlyklaryna eýe bolan täze sarp ediş modellerini döredip, söwda ulgamlarymyzy netijeli ösdüreris. Bu bolsa Heýlunszýan önümleriniň ýurduň ähli ýerlerine we dünýä bazaryna çykmagyna kömek eder”.

Duşenbeden şenbe gününe çenli Haýnan welaýatynyň paýtagty Haýkou şäherinde geçirilen bu sergi 3000-den gowrak gatnaşyjyny jemledi. 60-dan gowrak ýurtdam we sebitden 400 brend “Täze mümkinçilikleriň açylmagy global sarp edişi höweslendirýär, innowasiýalar bolsa ýaşaýyş hilini ýokarlandyrýar” diýen şygar astynda birleşdi.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň Premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň Premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

00:01 Iýun 21, 2026
Ýewropa Geňeşiniň başlygy Antoniu Koşta Russiýa bilen diplomatik kanaly açmak barada karar kabul etdi

Ýewropa Geňeşiniň başlygy Antoniu Koşta Russiýa bilen diplomatik kanaly açmak barada karar kabul etdi

16:36 Iýun 20, 2026
Kreatiw industriýalary GDA-nyň medeni dialogynyň täze formaty hökmünde – Sankt-Peterburgdan Aşgabada çenli

Kreatiw industriýalary GDA-nyň medeni dialogynyň täze formaty hökmünde – Sankt-Peterburgdan Aşgabada çenli

09:00 Iýun 20, 2026