HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

TOHU-da brendleriň psihologiýasy boýunça açyk sapak geçirildi

Aprel 12, 2026 | 19:16 |675
S.A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde “Güýçli brendleriň psihologiýasy” atly açyk sapak geçirildi. Bu çäre ýaşlaryň marketing, brending we häzirki zaman işewürlik düşünjeleri boýunça bilimlerini giňeltmäge gönükdirildiS.A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde “Güýçli brendleriň psihologiýasy” atly açyk sapak geçirildi. Bu çäre ýaşlaryň marketing, brending we häzirki zaman işewürlik düşünjeleri boýunça bilimlerini giňeltmäge gönükdirildi
Çeşme: Guramaçylar tarapyndan berlen

S.A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde “Güýçli brendleriň psihologiýasy” atly açyk sapak geçirildi. Bu çäre ýaşlaryň marketing, brending we häzirki zaman işewürlik düşünjeleri boýunça bilimlerini giňeltmäge gönükdirildi.

Açyk sapaga “Çyzgy” studiýasynyň esaslandyryjysy Serdar Gurbanmyradow myhman hökmünde gatnaşyp, güýçli brendleriň emele gelşi, olaryň sarp edijiler bilen aragatnaşygy we psihologik täsiri barada giňişleýin çykyş etdi. Çykyşda brendiň diňe bir wizual nyşan däl-de, eýsem adamlaryň duýgularyna täsir edýän, ynam döredýän we uzak möhletli täsir galdyrýan ulgamdygy aýratyn nygtaldy.

Duşuşygyň dowamynda gatnaşyjylar brendingiň esasy ýörelgeleri, üstünlikli kompaniýalaryň tejribesi hem-de häzirki zaman bazarynda tapawutlanmagyň usullary barada gymmatly maglumatlary aldylar. Şeýle-de, çykyş interaktiw görnüşde geçirilip, ýaşlar özlerini gyzyklandyrýan sowallara jogap almak mümkinçiligine eýe boldular.

Açyk sapak Türkmenistanyň Bilim ministrligi, S.A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň ýanyndaky “Ýaş telekeçiler” merkezi hem-de TMÝG-niň Maglumat, maslahat beriş we meýletinçilik hereketiniň işleri boýunça Merkezi tarapyndan bilelikde guraldy.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidentiniň kitabynyň ýapon dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi

Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidentiniň kitabynyň ýapon dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi

15:15 Oktýabr 27, 2026
Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri Kataryň Söwda işleri boýunça Döwlet ministri bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri Kataryň Söwda işleri boýunça Döwlet ministri bilen duşuşdy

21:09 Oktýabr 26, 2026
Türkmenistanyň wekiliýeti Doha şäherinde Bütindünýä maýa goýum forumyna gatnaşýar

Türkmenistanyň wekiliýeti Doha şäherinde Bütindünýä maýa goýum forumyna gatnaşýar

20:26 Oktýabr 26, 2026