HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

«Türkmenistan» awiakompaniýasy Dubaýa we Jidda howa gatnawlaryny togtatdy

Mart 01, 2026 | 23:55 |20777
Türkmenistanyň milli awiakompaniýasy halkara uçuşlaryň tertibine gyssagly üýtgetmeler girizilendigi barada habar berdiTürkmenistanyň milli awiakompaniýasy halkara uçuşlaryň tertibine gyssagly üýtgetmeler girizilendigi barada habar berdi
Çeşme: orient.tm

Türkmenistanyň milli awiakompaniýasy halkara uçuşlaryň tertibine gyssagly üýtgetmeler girizilendigi barada habar berdi. Sebitiň howa giňişligine girizilen çäklendirmeleri nazara alyp hem-de töwekgelçiliklere berlen baha esasynda, iki ugur boýunça amala aşyrylýan uçuşlar 2026-njy ýylyň 2-nji martyndan 4-nji martyna çenli togtadyldy.

Üýtgetmeler aşakdaky ugurlara degişli:

• Aşgabat — Dubaý — Aşgabat

• Aşgabat — Jidda — Aşgabat

Bu karar Ýakyn Gündogarda 28-nji fewralda başlan harby-syýasy ýagdaýlaryň ýitileşmegi zerarly kabul edildi. Sebitiň birnäçe ýurtlarynyň howa giňişliginde dowam edýän işjeň harby hereketler we oňa garşy görülýän çäreler sebäpli, halkara awiakompaniýalarynyň we awiasiýa edaralarynyň köpüsi raýat uçar gatnawlarynyň howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen, howa geçelgelerini ýapmak ýa-da uçuş ugurlaryny üýtgetmek barada karar kabul etdiler.

«Türkmenistan» awiakompaniýasy ýolagçylaryň howpsuzlygynyň iň ileri tutulýan ugurdygyny nygtaýar. Meýilnamalarynda bökdeçlik dörän ýolagçylar üçin aňrybaş derejede amatly şertler göz öňünde tutuldy: awiabiletlerini tutumsyz ýagdaýda doly yzyna gaýtaryp bilerler ýa-da iň ýakyn mümkinçilik bar bolan senelere tutumsyz ýagdaýda üýtgedip bilerler.

Kassalardan satyn alnan awiabiletleri yzyna gaýtarmak ýa-da uçuş senesini üýtgetmek üçin satyn alan ýerlerine ýa-da awiakompaniýanyň wekilhanalaryna ýüz tutmalydyrlar. Şeýle-hem awiakompaniýanyň resmi web sahypasynda ýa-da online platformalarynda satyn alynan awiabiletler yzyna gaýtarylan ýagdaýynda pul serişdeleri töleg geçirilen bank kartyna yzyna gaýtarylar. Ýolagçylara howa gatnawlaryň ýagdaýlary baradaky iň soňky maglumatlary awiakompaniýanyň resmi saýtyndan yzarlamak maslahat berilýär.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Russiýa Ýaponiýanyň soňky ädimlerine «deň ölçegli garşy çäreler» bilen jogap berjekdigini mälim etdi

Russiýa Ýaponiýanyň soňky ädimlerine «deň ölçegli garşy çäreler» bilen jogap berjekdigini mälim etdi

22:00 Oktýabr 07, 2026
Ýewronyň dollara bolan hümmeti 17 aýlyk iň pes derejä çenli aşak gaçdy

Ýewronyň dollara bolan hümmeti 17 aýlyk iň pes derejä çenli aşak gaçdy

20:00 Oktýabr 07, 2026
Antalýada 77-nji Halkara astronawtika kongresi açyldy

Antalýada 77-nji Halkara astronawtika kongresi açyldy

18:00 Oktýabr 07, 2026