Seul resmi taýdan "Koreýa Respublikasy – Merkezi Aziýa" sammitine taýýarlygy başlady


Günorta Koreýanyň Daşary işler ministrliginde taryhy “Koreýa – Merkezi Aziýa” sammitini geçirmek boýunça Taýýarlyk komitetiniň ilkinji mejlisi geçirildi. Ýokary derejedäki duşuşyk 2026-njy ýylyň 16–17-nji sentýabrynda Seulda meýilleşdirilýär we hyzmatdaşlygyň täze köpugurly platformasynyň binýady bolmaga niýetlenýär.
Koreý metbugatynyň habar bermegine görä, taýýarlygyň gerimi görlüp-eşidilmedik derejede giňdir. Taýýarlyk komitetine hut Koreýanyň daşary işler ministri Ço Hýon ýolbaşçylyk edýär, onuň düzümine bolsa ykdysadyýet, maliýe we goranyş ministrliklerinden başlap, kiçi telekeçiligi we startaplary ösdürmek boýunça agentliklere çenli esasy edaralaryň ýolbaşçylary girýär.
Geljekki sammitiň aýratynlygy onuň diňe diplomatik görnüşden amaly ykdysady sinergiýa geçmegidir. Seul Merkezi Aziýany öz ykdysady durnuklylygyny üpjün etmek üçin strategik taýdan aýratyn möhüm sebit hökmünde görýär.
Taýýarlyk komiteti tarapyndan kesgitlenen ileri tutulýan ugurlar:
– Strategik minerallar we energetika: Koreýanyň ýokary tehnologiýaly senagaty üçin zerur serişdeleri gazyp almak we gaýtadan işlemek boýunça göni hyzmatdaşlyk.
– Ulag arabaglanyşygy: Koreýanyň portlaryny sebitiň üstaşyr merkezleri bilen baglanyşdyrýan logistiki ugurlary utgaşdyrmak (şol sanda Türkmenistanyň port mümkinçilikleri).
– Sanly özgertmeler: MAT, “akylly şäherler” we oba hojalygy ugurlarynda taslamalar.
– Howpsuzlyk we howa: Sebitleýin durnuklylyk hem-de ekologiýa taýdan durnukly ösüş meselelerinde tagallalary utgaşdyrmak.

Ministr Ço Hýon bu sammitiň Koreýanyň “Täze demirgazyk syýasaty” konsepsiýasynyň dowamydygyny nygtady. Şeýle-de bolsa häzirki wagtda üns üpjünçilik zynjyrlaryny diwersifikasiýalaşdyrmaga we üýtgäp durýan glibal ösüş ýagdaýlarynyň şertlerinde Merkezi Aziýanyň geoykdysady ähmiýetini peýdalanmaga gönükdirilýär.
Koreýanyň iri ykdysady guramalarynyň (KCCI, FKI) taýýarlyga gatnaşmagy sammitiň sebite uzak möhletleýin maýa goýumlara taýýar iri hususy maýa üçin möhüm meýdança boljakdygyny görkezýär.
Senagat we ulag ulgamlaryny işjeň ösdürýän Türkmenistan üçin 2026-njy ýylyň sentýabrynda Seulda geçiriljek sammit Koreýa bilen Hazar sebitinde esasy strategik hyzmatdaş derejesini berkitmek üçin möhüm mümkinçilikleri açýar.








