Aşgabatda Russiýanyň diplomatlarynyň hünär baýramy bellenildi


Aşgabat, 12-nji fewral | ORIENT. Senenamada — fewral aýynyň ortalary Türkmenistandaky diplomatik korpus üçin «goşa baýramyň» aýratyn döwrüdir. 10-njy fewralda bellenilýän Russiýanyň diplomatik işgärleriniň gününden soň, Aşgabat milli diplomatlaryň hünär baýramy — 18-nji fewrala taýýarlyk görýär. Şu seneleriň arasynda Russiýa Federasiýasynyň Ilçihanasynda dabaraly kabul edişlik geçirildi. Bu çäre diňe bir resmi duşuşyk bolman, eýsem «el gysyşmak diplomatiýasy» diýlip atlandyrylýan gatnaşyklaryň janly beýanyna öwrüldi.
Ilçihanadaky agşam dostlukly ýagdaýda geçdi. Resmi protokol çäkleri ýerini ýürekdeş ýylgyryşlara, dostlukly gujaklaşmalara, täze tanyşlyklara we gyzykly pikir alyşmalara berdi. Diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary, halkara guramalaryň wekilleri, medeniýet işgärleri we ruhanylar erkin ýagdaýda gürrüňdeş boldular. Bu dilleriň we garaýyşlaryň köpöwüşginliliginde şeýle bir zat aýdyň görünýärdi: häzirki zaman diplomatiýasy — bu diňe bir notalar we ähtnamalardan ybarat däl-de, eýsem, ilkinji nobatda, şahsy gatnaşyk sungatydyr, münberden daşynda hem biri-biriňi diňlemegi we düşünmegi başarmakdyr.

Diplomat hünäri örän köpugurlydyr. Bu milli bähbitleri goramak bilen ylalaşyk gözlemegiň, berk ynam bilen çeýe çemeleşmäniň arasynda deňagramlylygy saklamakdyr. Her bir resmi hereketiň aňyrsynda köplenç giň jemgyýetçilige görünmeýän, emma döwletara parahatçylygyň esasyny düzýän uly şahsy jogapkärçilik ýatyr.
Agşamy açyp, Russiýa Federasiýasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Iwan Wolynkin bu baýramyň döwürleriň dowamlylygynyň nyşanydygyny belledi.
«Bu sene biziň üçin — ilkinji nobatda, nesilleriň dowamlylygynyň nyşanydyr. Islendik döwürde ata-babalarymyz watançylyk ýörelgelerine wepaly bolupdyrlar. Häzirki çylşyrymly döwürde hem olaryň göreldesine eýerip, Watanymyzyň bähbitlerini berk goramagy dowam etdirýäris», — diýip, rus ilçihanasynyň ýolbaşçysy aýtdy.
Ilçi çykyşynda sebitiň strategik ähmiýetine aýratyn üns berdi. Onuň sözlerine görä, Merkezi Aziýa ýurtlary bilen hyzmatdaşlygy berkitmek Moskwa üçin üýtgewsiz ileri tutulýan ugurdyr, Türkmenistan bilen gatnaşyklar bolsa şeýle hyzmatdaşlygyň nusgasydyr. Iwan Wolynkin Prezident Serdar Berdimuhamedowa we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa hyzmatdaşlygy ösdürmäge berýän ünsleri üçin çuňňur minnetdarlyk bildirdi. Şeýle hem ol Türkmenistanyň DIM-ine yzygiderli goldawy üçin minnetdarlygyny aýtdy.

Ilçiniň çykyşynda Aşgabatdaky diplomatik korpusyň jebisligi aýratyn bellenildi. Hut şu raýdaşlyk uly taslamalary durmuşa geçirmäge we doganlyk halklaryň arasynda köp asyrlyk dostlugy berkitmäge mümkinçilik berýär.
Ynanyşmak dialogynyň bu ugruny Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa dowam etdirdi. Rus kärdeşlerini gutlap, kemala getirilýän häzirki hyzmatdaşlygyň berk binýadyny aýratyn belledi.
«Döwletlerimiziň liderleriniň arasyndaky ýokary derejeli dialog üstünligiň binýadydyr. Ýokary derejedäki yzygiderli aragatnaşyklar dürli ugurlar boýunça bilelikdäki işimize güýçli itergi berýär», — diýip, Mähri Bäşimowa aýtdy.
Ministriň orunbasar şu ýylyň baý mazmunly meýilnamasy barada hem belledi: Aşgabat GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşini we Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşini kabul etmäge taýýarlanýar. Bu meýdançalar bilelikdäki tagallalary utgaşdyrmagyň täze tapgyryna öwrüler.

Baýramçylyk çäreleriniň ýokary derejedäki iş duşuşyklary bilen utgaşmagy hem manylydyr. Şol gün, 12-nji fewralda, Türkmenistanyň we Russiýanyň DIM-niň ýolbaşçylary — Raşid Meredow bilen Sergey Lawrow arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Ministrler öňde boljak çäreleriň tertibini, Hazar ugrunda utgaşdyryş meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar hem-de iki ýurduň diplomatlarynyň hünär baýramy mynasybetli birek-biregi gutladylar. Bu jaň diplomatiýanyň üznüksiz işdigini, onda zähmet bilen dostlukly gatnaşyklaryň bilelikde alnyp barylýandygyny nobatdaky gezek tassyklady.
Dabaraly agşam rus myhmansöýerliginiň ruhunda dowam etdi. Menýuda dürli tagamlaryň arasynda altynsow blinçikleriň peýda bolmagy myhmanlara ýaz paslynyň ýylylygyny we täzelenişi alamatlandyrýan Maslenisa baýramynyň golaýlaşýandygyny ýatlatdy. Hakykatdan hem, bir saçagyň başynda parahatçylyk ugrunda tagalla edýän hünärmenler duşuşanda, islendik «syýasy gyş» ýagşy niýetiň we adam gatnaşyklarynyň güýji öňünde asgyn çekilýär.









