Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Aşgabat bilen Yslamabat parlamentara dialogy “täzeden işe girizýär”

Fewral 11, 2026 | 22:45 |9829
Türkmenistanyň ilçisi Atajan Möwlamow ýurduň mümkinçiliklerini Pakistanyň parlament agzalaryna tanyşdyrdy. Söwda, ulag we syýahatçylyk ugurlaryna üns berildiTürkmenistanyň ilçisi Atajan Möwlamow ýurduň mümkinçiliklerini Pakistanyň parlament agzalaryna tanyşdyrdy. Söwda, ulag we syýahatçylyk ugurlaryna üns berildi
Çeşme: app.com.pk

Yslamabatda “Päkistan – Türkmenistan” parlamentara dostluk topary bilen Türkmenistanyň ilçisi Atajan Möwlamowyň duşuşygy geçirildi. Pakistanyň deputaty Sandžaý Perwani ýolbaşçylyk etmeginde geçirilen duşuşyk ýurdumyzyň mümkinçilikleriniň tanyşdyrylyşyna öwrüldi.

Ilçi Atajan Möwlamow pakistanly parlamentarilere Türkmenistanyň döwlet gurluşy we hemişelik Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasaty barada giňişleýin maglumat berdi. Şeýle-de bilen, esasy üns Türkmenistanyň dünýä kartasyndaky özboluşlylygyny kesgitleýän ugurlara gönükdirildi. Bu ykdysadyýet we logistika: ulag arabaglanyşygy hem-de sebitara söwda geçelgelerini giňeltmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem syýahatçylyk mümkinçilikleri barada gürrüň edildi — pakistanly hyzmatdaşlara tebigy landşaftlar şeýle hem milletiň buýsanjy bolan ahalteke bedewleri barada gürrüň berildi.

Pakistanyň dostluk toparynyň ýolbaşçysy Sandžaý Perwani şeýle institutlaryň iki ýurduň kanun çykaryjy edaralarynyň arasynda “janly” köpri bolup hyzmat edýändigini belledi. Taraplar gatnaşyklary diňe resminamalar bilen çäklendirmän, delegasiýalaryň yzygiderli alyş-çalyşyny ýola goýmak hem-de adamlar arasyndaky gatnaşyklary berkitmek barada ylalaşdylar.

Türkmenistan üçin Pakistan günorta ugrunda esasy hyzmatdaşlaryň biri bolup galýar, şeýle parlamentara gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegi bolsa iri sebit taslamalarynyň durmuşa geçirilmeginiň öňüsyrasynda möhüm ädimdir.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Astana şäherinde GASTHERM EXPO 2026 halkara sergisi geçiriler

Astana şäherinde GASTHERM EXPO 2026 halkara sergisi geçiriler

17:51 Awgust 12, 2026
Aşgabat saglygy goraýyş, bilim we sport ulgamlarynyň halkara bilermenlerini bir ýere jemlär

Aşgabat saglygy goraýyş, bilim we sport ulgamlarynyň halkara bilermenlerini bir ýere jemlär

09:05 Awgust 12, 2026
Himiki önümleri we kömekçi materiallary satyn almak boýunça halkara tender

Himiki önümleri we kömekçi materiallary satyn almak boýunça halkara tender

20:30 Awgust 11, 2026