Ýörite sazçylyk mekdep-internatynda mugallym Jemile Berdiýewanyň 70 ýaş ýubileýi bellenildi


Yaňy ýakynda, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Ýörite sazçylyk mekdep-internatynda il-günümize, ylym-bilime we saz sungatyna ömrüni bagyşlan, ýüzlerçe zehinli çagalara – geljekki sazandalara hem-de aýdymçylara ýol görkezen halypa mugallym Jemile Rahymowna Berdiýewanyň şanly 70 ýaş ýubileý dabarasy şatlykly toý we aýdym-sazly konserti bilen bellenildi.
Dabara mekdebiň direktory Arzuwgeldi Möwlamberdiýewiç Hudaýberdiýewiň toý gutlagy hem-de mugallym Ejegyz Döwletgeldiýewna Baýramgulyýewanyň mähirli sözleri bilen başlandy. Toý dabarasyna beslenen sahna Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyplarynyň we mekdebiň okuwçylarynyň ýerine ýetirmegindäki ýakymly sazlar, aýdymlar bilen dowam etdirildi.

Jemile Rahymownanyň köpýyllyk zähmetiniň hem-de çuňňur ylym-biliminiň netijesi hökmünde, unudylmaz toý-konsertinde onuň taýýarlan okuwçylarynyň we häzirki wagtda şol mekdepde özleri hem mugallym bolup zähmet çekýän zehinli şägirtleriniň çykyşlary aýratyn buýsanç döretdi. Mysal üçin, “Milli saz gurallar” bölüminiň mugallymy Aýmyrat Saparmyradowyň ýerine ýetirmegindäki A. Jülgäýewiň «Ýaşlara Salam» sazy dabaranyň şowhunyny has-da artdyrdy. Mekdebiň mugallymlary we okuwçylary, Jemile halypanyň öňki okuwçylary – häzirki döwürde konserwatoriýanyň talylary tarapyndan taýýarlanan baýramçylyk konsertiň dowamynda aýdym-saz sungatynyň dürli žanrlaryndaky eserler ýaňlandy: Mähri Baýramgulyýewanyň ýerine ýetirmeginde «Seni ýatlap» sazy (sazandarlyk edýän Ejegyz Baýramgulyýewa); mekdebiň 9-njy synp okuwçysy Bägül Muhammetgulyýewanyň ýerine ýetirmeginde «Dutaryň owazy» sazy; Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň 1-nji ýyl talyby Aýgül Nurlyýewanyň ýerine ýetirmegindäke «Wenger çardaşy» sazy (sazandarlyk edýän Ejegyz Baýramgulyýewa); mekdebiň 9-njy synp okuwçysy Aýjeren Baýramgulyýewanyň ýerine ýetirmeginde «Wals Gramofon» sazy; ýaş mugallymlar Aýna Ýaňgybaýewa we Aýbölek Atajanowanyň ýerine ýetirmeginde «Wals» sazy; mekdebiň horeografiýa bölüminiň 6-njy synp okuwçylarynyň ýerine ýetirmeginde taýýarlanan «Wals-degişme» tans çykyşy.

Toý konsertiniň aýratyn pursaty «Eje» aýdymy dabaranyň konsert maksatnamasynyň iň täsirli we ýatdan çykmajak pursatlarynyň biri iň soňky konsert nomeri hökmünde sahna çykan, mekdebiň 1-nji synp okuwçysy Dawuthan Kerimowyň çykyşy boldy. Dawuthan özüniň belent owazy bilen halypa mugallyma bagyşlap «Eje» diýen çuňňur mazmunly aýdymy ýerine ýetirdi. Bu aýdym toýa gelen ähli myhmanlaryň köňlüne aralaşyp, toý dabarasyna aýratyn şowhunlyk hem-de mähirlilik paýlady.
Konsert maksatnamasynyň soňunda dabaranyň iň duýguly pursaty hökmünde dabaraly sahna 70 ýaşy dolan halypa mugallym Jemile Rahymowna Berdiýewa çykdy. Ol toý dabarasyna gatnaşyjylara, özüniň mähriban okuwçylaryna, kärdeşlerine we dabaranyň guramaçylaryna çuňňur minnetdarlygyny bildirdi. Jemile mugallym öz çykyşynda ýaş nesliň saz sungatyna bolan höwesiniň artýanlygyna guwanç bildirip, ýurtdaky sungat älemini ösdürmäge döredilýän ähli mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz sagbolsun aýtdy.
Ençeme ýaş aýdymçy-sazandalary, saz mugallymlary terbiýeläp ýetişdiren halypamyzyň 70 ýaş toýy güni oňa uzak ýaş, berk jan saglyk we döredijilik üstünlikleri arzuw edýäris!
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky ýörite sazçylyk mekdep-internatynyň mugallymy Kerim Jumagulyýew









