HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Tailandyň Patyşasy Türkmenistanyň Ilçisinden ynanç hatlaryny kabul etdi

Fewral 11, 2026 | 20:35 |6748
Türkmenistanyň ilçisi Muhammetnyýaz Maşalow Taýlandyň patyşasyna ynanç hatyny gowşurdy. Maha Wajiralongkorn Aşgabada sapar etmek isleýändigini aýtdyTürkmenistanyň ilçisi Muhammetnyýaz Maşalow Taýlandyň patyşasyna ynanç hatyny gowşurdy. Maha Wajiralongkorn Aşgabada sapar etmek isleýändigini aýtdy
Çeşme: mfa.gov.tm

Türkmenistanyň diplomatik kartasy Günorta-Gündogar Aziýada giňeldilýär. 10-njy fewralda Bangkok şäherinde Tailand Patyşasynyň Köşgünde dabara boldy: Ilçi Muhammetnyýaz Maşalow (oturýan ýeri Kuala Lumpur ş.) Tailandyň Patyşasy Maha Wajiralongkorna ynanç hatlaryny gowşurdy.

Patyşa Maha Wajiralongkorn türkmen Ilçini bu jogapkärçilikli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, oňa uly üstünlikleri arzuw etdi we özüniň geljekde Türkmenistana saparynyň amala aşyrmak meýliniň bardygyny nygtap geçdi. Patyşanyň bu gyzyklanmasy — iki döwlet arasyndaky medeni we syýahatçylyk alyş-çalyşyny ösdürmek üçin möhüm yşarat bolup durýar.

Ilçi Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan Tailandyň Patyşasyna mähirli salamlaryny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi hem-de Aşgabadyň Günorta-Gündogar Aziýanyň iň uly ykdysadyýetleriniň biri bilen gatnaşyklara ýakynlaşmaga taýýardygyny tassyklady. Ösüşiň ileri tutulýan ugurlary – söwda we ykdysadyýet, ynsanperwer ugur we syýasy dialogdyr.

Ynanç hatyny gowşuryş dabarasyndan soňra Muhammetnyýaz Maşalow Tailand Patyşalygynyň DIM-niň ýolbaşçysy Sihasak Phuangketkeo bilen duşuşdy. Söhbetdeşlikde ministr Ilçiniň diplomatik işini amal aşyrmakda ýardam we goldaw bermäge taýýardygyny belledi.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Stambulda enjamlaryň we furnituralaryň 10-njy Halkara sergisi geçiriler

Stambulda enjamlaryň we furnituralaryň 10-njy Halkara sergisi geçiriler

00:06 Awgust 26, 2026
Özbegistanda yslam siwilizasiýasynyň mirasyna bagyşlanan halkara media-forumy geçiriler

Özbegistanda yslam siwilizasiýasynyň mirasyna bagyşlanan halkara media-forumy geçiriler

11:40 Awgust 25, 2026
Şahrisabz Bütindünýä senetçilik şäherleriniň hataryna goşuldy: «Iroki» keşdesiniň halkara ykrar edilmesi

Şahrisabz Bütindünýä senetçilik şäherleriniň hataryna goşuldy: «Iroki» keşdesiniň halkara ykrar edilmesi

11:29 Awgust 25, 2026