HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

“AD Ports Group”-yň dünýä derejesindäki üstünligi: logistika pudagynda innowasiýa we liderlik üçin sekiz baýrak

Fewral 11, 2026 | 18:30 |4484
Dünýäniň öňdebaryjy söwda we logistika operatory bolan AD Ports Group 11-nji Halkara Portlaryň Mükemmellik Sylaglarynyň uly ýeňijisi boldyDünýäniň öňdebaryjy söwda we logistika operatory bolan AD Ports Group 11-nji Halkara Portlaryň Mükemmellik Sylaglarynyň uly ýeňijisi boldy
Çeşme: adportsgroup.com

Söwda we logistika ulgamynda öňdebaryjy dünýä operatory bolan “AD Ports Group” kompaniýasy 11-nji Halkara öňdebaryjy tejribe bäsleşiginiň (IBPC) esasy ýeňijisi boldy. Topar sekiz abraýly baýraga mynasyp bolup, hil we amaly netijelilik boýunça täze pudaklaýyn ölçegleri kesgitledi.

“AD Ports Group”-yň taslamalary 14 ýurtdan 112 dalaşgäriň arasynda iň ýokary (6 we 7 ýyldyz) ballary alyp, bäsleşigiň öňdebaryjysy boldy. Eminler kompaniýanyň batyrgaý pikirleri ölçäp bolýan anyk netijelere öwürmek ukybyny aýratyn bellediler. Ýeňiji bolan esasy başlangyçlaryň arasynda şular bar:

• “Tawfeer” komiteti: ähli kompaniýalar topary boýunça çykdajylary optimizirlemek we netijeliligi ýokarlandyrmak ulgamy.

• “IntelliOps” taslamasy: port aktiwlerini hakyky wagtda dolandyrmak tehnologiýasy.

• Sanlylaşdyrma: merkezleşdirilen meýilleşdirişe geçmek we gämileriň hereketini dolandyrýan “akylly” ulgamlary ornaşdyrmak.

Tehnologiýalardan başga-da, baýraklar toparyň durnukly ösüş ugurndaky liderligini hem tassyklady. Kompaniýa elektromobilleri ornaşdyrýar, kenarýaka goragy üçin ekologiýa taýdan howpsuz materiallary ulanýar we ummana ýetirýän zyýanyny azaltýan gämi korpuslary üçin döwrebap örtükleri peýdalanýar. Şeýle-de işgärler barada alada etmek maksatnamalary we krizis ýagdaýlaryny dolandyrmak ulgamlary hem ýokary baha mynasyp boldy.

“AD Ports Group”-yň üstünligi häzirki zaman logistikasynyň diňe bir ýük daşamak däl-de, eýsem ýokary tehnologiýaly ekoulgamdygyny görkezýär. Kompaniýa “7 ýyldyz” derejesinde ölçeg goýup, dünýä portlarynyň ösüş ugruny kesgitleýär hem-de halkara söwdany has çalt, has howpsuz we has ekologiýa taýdan arassa edýär.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Aşgabatda BMG-niň gününe bagyşlanan çärede azerbaýjan ýörite stend bilen tanyşdyryldy

Aşgabatda BMG-niň gününe bagyşlanan çärede azerbaýjan ýörite stend bilen tanyşdyryldy

23:55 Oktýabr 23, 2026
Perenco Holdings kompaniýasynyň ýolbaşçysy: Hazar deňzi Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmek üçin giň mümkinçilikleri açýar

Perenco Holdings kompaniýasynyň ýolbaşçysy: Hazar deňzi Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmek üçin giň mümkinçilikleri açýar

23:15 Oktýabr 23, 2026
Arçalygyň yzysüre: Türkmenistanyň Kindi brendiniň saýty Awwwards baýragyna dalaşgär görkezildi

Arçalygyň yzysüre: Türkmenistanyň Kindi brendiniň saýty Awwwards baýragyna dalaşgär görkezildi

22:45 Oktýabr 23, 2026