HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Kanadanyň Premýer-ministri resmi sapar bilen Pekine geldi

Ýanwar 15, 2026 | 14:00 |3063
Çeşme: orient.tm

Kanadanyň Premýer-ministri Mark Karni çarşenbe güni resmi sapar bilen Pekine geldi. Hepdäniň şenbe gününe çenli dowam etjek bu sapar, Kanadanyň Premýer-ministriniň soňky sekiz ýylda Hytaýa amala aşyran ilkinji resmi saparydyr.

Hytaýyň Daşary işler ministrliginiň wekili bu resmi saparyň mazmuny barada maglumat bermek bilen, Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň, Kanadanyň premýer-ministri bilen duşuşjakdygyny aýtdy. Duşuşygyň dowamynda Hytaý–Kanada gatnaşyklaryny mundan beýläkde ösdürmek we pugtalandyrmak boýunça täze strategik ugurlar kesgitlener.

Şeýle hem, Hytaýyň Döwlet Geňeşiniň Premýeri Li Sýan we Hytaýyň Halk Wekilleriniň Umumymilli Ýygnagynyň Hemişelik komitetiniň başlygy Çžao Leszi Kanadanyň premýer-ministri bilen aýratynlykda gepleşikleri geçirerler. Gepleşikleriň dowamynda iki taraplaýyn gatnaşyklaryň ýagdaýy, şeýle hem özara bähbitli meseleler boýunça giňişleýin pikir alşylar.

Hytaýyň Daşary işler ministrliginiň wekiliniň bellemegine görä, Hytaý döwleti Kanadanyň premýer-ministriniň bu resmi sapary, özara dialogy we aragatnaşygy pugtalandyrmak, birek-birege syýasy ynamy artdyrmak, hyzmatdaşlygy giňeltmek, bar bolan çaprazlyklary dogry sazlamak hem-de Hytaý – Kanada gatnaşyklarynda gazanylan oňyn ösüş depginini berkitmek üçin möhüm bolan mümkinçilik hasaplaýar. Bu tagallalaryň iki ýurduň halklaryna uly bähbit getirmegine garaşylýar.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Türkmenistanyň Migrasiýa gullugy täze tehnologiýalary ornaşdyrýar we halkara dialogyny giňeldýär

Türkmenistanyň Migrasiýa gullugy täze tehnologiýalary ornaşdyrýar we halkara dialogyny giňeldýär

00:01 Iýun 23, 2026
«Türkmentelekom» işewürlik üçin «Call-center» hyzmatyny hödürleýär

«Türkmentelekom» işewürlik üçin «Call-center» hyzmatyny hödürleýär

23:15 Iýun 22, 2026
Puşkin adyndaky teatr Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde premýera hödürlär

Puşkin adyndaky teatr Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde premýera hödürlär

22:30 Iýun 22, 2026