HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Almaty şäherinde Belarus Respublikasynyň Baş konsullygy açyldy

Ýanwar 15, 2026 | 14:20 |4242
13-nji ýanwarda Almaty şäherinde Belarus Respublikasynyň Baş konsullygy resmi taýdan öz işine başlady. Şol gün Baş konsul Denis Meleşkiniň Gazagystanyň Daşary işler ministrliginiň wekilhanasynyň ýolbaşçysy Žanibek Abdraşow bilen duşuşygy geçirildi13-nji ýanwarda Almaty şäherinde Belarus Respublikasynyň Baş konsullygy resmi taýdan öz işine başlady. Şol gün Baş konsul Denis Meleşkiniň Gazagystanyň Daşary işler ministrliginiň wekilhanasynyň ýolbaşçysy Žanibek Abdraşow bilen duşuşygy geçirildi
Çeşme: belta.by

13-nji ýanwarda Almaty şäherinde Belarus Respublikasynyň Baş konsullygy resmi taýdan öz işine başlady. Şol gün Baş konsul Denis Meleşkiniň Gazagystanyň Daşary işler ministrliginiň wekilhanasynyň ýolbaşçysy Žanibek Abdraşow bilen duşuşygy geçirildi diýip, BELTA habar berýär.

Dabaraly duşuşygyň dowamynda gazak tarapy diplomata onuň ygtyýarlyklaryny tassyklaýan resminama — ekzekwaturany gowşurdy. Gazagystanyň DIM-niň wekilleri kärdeşlerini wezipesiniň resmi taýdan başlanmagy bilen gutladylar hem-de konsullyk okrugynda alyp barjak işlerine hemmetaraplaýyn goldaw beriljekdigini mälim etdiler.

Baş konsullygyň esasy wezipeleri söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmekden, maýa goýumlary çekmekden hem-de medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakdan ybarat bolar. Şeýle-de Gazagystanyň iň iri şäherleriniň birinde raýatlaryň hukuklaryny we bähbitlerini goramak, konsullyk meselelerini tiz we netijeli çözmek aýratyn üns merkezinde bolar.

Iki ýurduň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýyldan bäri üstünlikli ösdürilýär. Häzirki wagta çenli hyzmatdaşlygyň şertnamalaýyn hukuk binýady 80-den gowrak halkara şertnamalary öz içine alýar. Almaty şäherinde täze wekilhananyň açylmagy Belarusyň sebitde gatnaşygyny giňeltmegiň logiki ädimi boldy.

Diplomatik missiýanyň dabaraly açylmagy iki döwletiň arasyndaky ýokary ynamy we iki halkyň bähbidine gönükdirilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlyga ymtylyşy açyp görkezýär.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Pakistanyň ilçisi Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasynda bag ekmek dabarasyna gatnaşdy

Pakistanyň ilçisi Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasynda bag ekmek dabarasyna gatnaşdy

23:26 Sentýabr 26, 2026
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygynyň baýramy

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygynyň baýramy

23:00 Sentýabr 26, 2026
ABŞ-nyň Federal ätiýaçlyk ulgamynyň syýasatyny berkitmegine garaşylýan şertlerde Ýaponiýanyň döwlet obligasiýalarynyň girdejililigi 1996-njy ýyldan bäri iň ýokary derejä ýetdi

ABŞ-nyň Federal ätiýaçlyk ulgamynyň syýasatyny berkitmegine garaşylýan şertlerde Ýaponiýanyň döwlet obligasiýalarynyň girdejililigi 1996-njy ýyldan bäri iň ýokary derejä ýetdi

18:00 Sentýabr 26, 2026