Türkmenistanyň Bilim ministrliginde ýurdumyzyň iň gowy mugallymlary sylaglandy


12-nji ýanwarda Türkmenistanyň Bilim ministrliginde mugallymlary sylaglamak dabarasy geçirildi. Çäre milli bilim ulgamynyň ösüşine we ýaş nesli terbiýelemek işine uly goşant goşýan mugallymlaryň we terbiýeçileriň hyzmatlarynyň ykrar edilmegine bagyşlandy.
Duşuşygyň çäginde ýurdumyzyň dürli bilim edaralarynyň mugallymlaryna «Hormat hatlary» we ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy. Sylaglar ýokary hünär ussatlygyny görkezýän, häzirki zaman bilim tehnologiýalaryny ornaşdyrýan hem-de öňdebaryjy mugallymçylyk tejribäni milli ruhy-ahlak gymmatlyklary bilen üstünlikli utgaşdyrýan hünärmenlere gowşuryldy.
Dabara gatnaşyjylar häzirki wagtda Türkmenistanyň bilim ulgamynyň dünýä giňişliginde üstünlikli ösýändigini bellediler. Bilimiň ýokary hilini mekdep okuwçylarynyň we talyplaryň abraýly halkara olimpiadalarda gazanýan ýeňişleri tassyklaýar. Şeýle hem ýaşlary zähmetsöýerlik ruhunda terbiýelemekde, ýurdumyzyň ösüşine gönükdirilen nesli kemala getirmekde mugallymlaryň şahsy goşandynyň möhüm orun eýeleýändigi nygtaldy.
Çäräniň ahyrynda mugallymlar hormatly Prezidentimize hem-de tütkmen halkynyň Milli Liderine giň möçberli goldaw we ýokary hilli bilim almak üçin döredilýän şertler üçin minnetdarlyk bildirdiler. Olar geljekde-de bilim ulgamyny kämilleşdirmek we Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda mynasyp raýatlary ýetişdirmek üçin ähli tagallalary etjekdiklerinde ynandyrdylar.
ORIENT








