HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

SpaceX Starlink-iň ikinji nesil hemralaryndan ýene 7500-sini uçurmaga rugsat aldy

Ýanwar 14, 2026 | 16:05 |3814
ABŞ-nyň Federal aragatnaşyk komissiýasy (FCC) SpaceX kompaniýasynyň Starlink hemra ulgamyny giňeltmek baradaky ýüz tutmasyny makulladyABŞ-nyň Federal aragatnaşyk komissiýasy (FCC) SpaceX kompaniýasynyň Starlink hemra ulgamyny giňeltmek baradaky ýüz tutmasyny makullady
Çeşme: SpaceX

ABŞ-nyň Federal aragatnaşyk komissiýasy (FCC) SpaceX kompaniýasynyň Starlink hemra ulgamyny giňeltmek baradaky ýüz tutmasyny makullady. Indi kompaniýa ikinji nesle (Gen2) degişli ýene 7500 hemrany orbita çykaryp biler. Bu karardan soň, bu derejedäki uçurylmaga rugsat berlen hemralaryň umumy sany 15 000-e ýetdi.

Täze hemralar pes ýer orbitasynda — 340-dan 485 kilometre çenli beýiklikde işleýär. Şeýle ýerleşdirilmeginiň sebäbi tötänleýin däl: pes beýiklik beýleki kosmos enjamlary bilen çaknyşma töwekgelçiligini azaltmaga hem-de näsaz hemralaryň atmosfera tiz girip, doly ýanmagyna mümkinçilik berýär.

Düzgünleşdiriji mümkin bolan töwekgelçilikleri düýpli öwrenip, Starlink ulgamynyň dykyz ýerleşmeginiň has ýokary orbitada ýerleşýän enjamlara päsgel bermejekdigini tassyklady. Kararyň kabul edilmeginde SpaceX tehnologiýalarynyň ygtybarlylygynyň ýokarlanmagy möhüm faktor boldy. Birinji nesilde ýylda alty sany näsazlyk hasaba alnan bolsa, täze Gen2 hemralarynyň arasynda bary-ýogy iki sany näsazlyk ýüze çykaryldy.

Häzirki wagtda SpaceX dünýäde iň uly hemra ulgamyny dolandyrýar — 9500 işjeň hemrasy bar. Deňeşdirmek üçin, ikinji orunda duran OneWeb kompaniýasynyň diňe 654 hemrasy bar. Amazon hem-de Hytaýyň taslamalary tarapyndan bäsdeşlik güýçlenýän bolsa-da, uçuşlaryň tapgyrlaýyn tassyklanylmagy SpaceX-e öňdebaryjylygyny saklamaga we global internet üpjünçiliginiň hilini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär.

Ulanyjylar üçin bu bütin dünýä boýunça hemra internetiniň has durnukly we çalt boljakdygyny aňladýar, sebäbi ulgam has dykyz we tehnologik taýdan kämil bolýar.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
«Medeniýet we Syýahat» žurnaly Gadymy Merwe syýahat guraýar

«Medeniýet we Syýahat» žurnaly Gadymy Merwe syýahat guraýar

22:17 Awgust 15, 2026
Aşgabatda mekdep üçin zerur zatlaryň hemmesini nireden satyn almaly: «Atlas» kanselýariýa harytlaryna onlaýn sargyt hyzmatyny işe girizdi

Aşgabatda mekdep üçin zerur zatlaryň hemmesini nireden satyn almaly: «Atlas» kanselýariýa harytlaryna onlaýn sargyt hyzmatyny işe girizdi

22:10 Awgust 15, 2026
ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp anna güni Ormuz bogazyny tiz wagtdan ABŞ-nyň çägi diýip yglan etjekdigini aýtdy

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp anna güni Ormuz bogazyny tiz wagtdan ABŞ-nyň çägi diýip yglan etjekdigini aýtdy

21:00 Awgust 15, 2026