HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

«Türkmentelekom» sanly hyzmatlaryny giňeldýär: sagatlaýyn ätiýaçlyk nusga almak we domenleri dolandyrmak

Ýanwar 14, 2026 | 22:25 |8916
«Türkmentelekom» kompaniýasy sanly hyzmatlarynyň sanawyny giňeldip, ulanyjylara maglumatlary sagatlaýyn ätiýaçlyk nusga almak (backup) hem-de domen atlaryny dolandyrmak mümkinçiliklerini hödürleýär.«Türkmentelekom» kompaniýasy sanly hyzmatlarynyň sanawyny giňeldip, ulanyjylara maglumatlary sagatlaýyn ätiýaçlyk nusga almak (backup) hem-de domen atlaryny dolandyrmak mümkinçiliklerini hödürleýär.
Çeşme: telecom.tm

«Türkmentelekom» kompaniýasy sanly hyzmatlarynyň sanawyny giňeldip, ulanyjylara maglumatlary sagatlaýyn ätiýaçlyk nusga almak (backup) hem-de domen atlaryny dolandyrmak mümkinçiliklerini hödürleýär.

Ätiýaçlyk nusga almak maglumatlary goramak we olary ýitirilen ýagdaýynda gaýtadan dikeltmek üçin niýetlenendir. Faýllary göçürmekden tapawutlylykda, backup maglumatlaryň asyl nusgalaryny pozmazdan, olaryň göçürmesini döredýär — dublikatlar goragly gurşawda saklanýar.

Wirtual enjamlary ulanýanlar üçin sagatlaýyn ätiýaçlyk nusga almagyň aşakdaky nyrhlary bellenildi:

0–60 GB — sagadyna 0,58 manat

61–120 GB — sagadyna 1,16 manat

121–200 GB — sagadyna 1,93 manat

201 GB-den köp — sagadyna 2,89 manat

Ätiýaçlyk nusga almak hyzmatyna birikmegiň jikme-jik şertleri «Türkmentelekomyň» resmi web sahypasynda ýerleşdirilendir.

Şeýle-de kompaniýa domenleri dolandyrmak mümkinçiligini hödürleýär. Munuň üçin hostingiň we domen adynyň eýesi abonent bölümine ýazmaça ýüz tutmalydyr. Arza gözden geçirilenden soň, tehniki bölümiň hünärmenleri domeni ulanyjynyň şahsy otagyna birikdirerler.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri:

Abonent bölümi — 95 59 14

Tehniki bölümi — 48 15 03

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp anna güni Ormuz bogazyny tiz wagtdan ABŞ-nyň çägi diýip yglan etjekdigini aýtdy

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp anna güni Ormuz bogazyny tiz wagtdan ABŞ-nyň çägi diýip yglan etjekdigini aýtdy

21:00 Awgust 15, 2026
Täjigistanda arheologlar Kuşan patyşalygynyň patyşanyň keşbi şekillendirilen seýrek möhürini tapdylar

Täjigistanda arheologlar Kuşan patyşalygynyň patyşanyň keşbi şekillendirilen seýrek möhürini tapdylar

20:46 Awgust 15, 2026
Daşkentde 1970-nji ýyllaryň seýrek mozaikalary başga ýere göçüriler: pannolar täze ýerde saklanylar

Daşkentde 1970-nji ýyllaryň seýrek mozaikalary başga ýere göçüriler: pannolar täze ýerde saklanylar

20:43 Awgust 15, 2026