HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Hytaýda “ýaşyl” hereketlendirijili, suwuklandyrylan tebigy gaz daşaýjy gämi ulanyşa tabşyrylar

Ýanwar 14, 2026 | 16:08 |4343
Çeşme: orient.tm

Hytaýyň gämi gurluşygy pudagynda nobatdaky öňegidişlik gazanyldy, ýagny suwuklandyrylan tebigy gazyny daşaýjy döwrebap “Tianshan” gämisi şu aýyň ahyrynda ulanyşa tabşyrylar.

Şanhaý şäherindäki Hudun – Žunhua gämi gurluşyk zawodynda gurlan gäminiň ýük göterijiligi 174 müň kub metr bolup, ol suwuklandyrylan tebigy gazyny daşamakda dünýäniň iň döwrebap gämileriniň hataryna girýär. Bu gämide energiýany tygşytly ulanýan we zyýanly zyňyndylary azaldýan, iki ýangyçda işleýän, pes tizlikli hereketlendiriji oturdylandyr.

Uzynlygy 295 metr, ini 45 metr bolan gäminiň palubasynyň meýdany üç adaty futbol meýdançasyna deňdir. Örän pes temperaturada suwuklandyrylan tebigy gazyny daşamak üçin niýetlenen bu gämi bir gatnawda 3 million 300 müň hojalygyň bir aýlyk gaz zerurlygyny üpjün edip biljek göwrümi daşap bilýär. Şonuň üçin şeýle gämiler köplenç “deňizde ägirt uly sowadyjy” hökmünde häsiýetlendirilýär.

“Hudun – Žunhua gämi gurluşyk zawody geçen ýylda 11 sany suwuklandyrylan tebigy gazyny daşaýjy iri gämisini ulanyşa tabşyryp, pudak boýunça rekord goýdy. Häzirki wagtda kärhananyň 2030-njy ýyla çenli dowam edýän 80-den gowrak sargydy bar, olaryň 80 göterim töweregi bolsa ekologiýa taýdan arassa tehnologiýaly gämilerden ybaratdyr. Geljekde ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalary ornaşdyrmak, bazarda öňdebaryjylygy kesgitleýän esasy şert bolar” diýip, Hudun – Žunhua gämi gurluşyk zawodynyň Ösüş we dizaýn institutynyň direktory Ýang Çunhua aýtdy.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Aşgabatda BMG-niň gününe bagyşlanan çärede azerbaýjan ýörite stend bilen tanyşdyryldy

Aşgabatda BMG-niň gününe bagyşlanan çärede azerbaýjan ýörite stend bilen tanyşdyryldy

23:55 Oktýabr 23, 2026
Perenco Holdings kompaniýasynyň ýolbaşçysy: Hazar deňzi Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmek üçin giň mümkinçilikleri açýar

Perenco Holdings kompaniýasynyň ýolbaşçysy: Hazar deňzi Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmek üçin giň mümkinçilikleri açýar

23:15 Oktýabr 23, 2026
Arçalygyň yzysüre: Türkmenistanyň Kindi brendiniň saýty Awwwards baýragyna dalaşgär görkezildi

Arçalygyň yzysüre: Türkmenistanyň Kindi brendiniň saýty Awwwards baýragyna dalaşgär görkezildi

22:45 Oktýabr 23, 2026