HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Ýokary görüjilikli we saglyk baradaky alada bilen döwrebap sagatlar – "OPPO Watch S"

Ýanwar 12, 2026 | 20:15 |4388
"OPPO" kompaniýasy dünýä bazaryna täze akylly sagatlary — "OPPO Watch S" çykardy. Bu sagatlar ilkinji nobatda öz nepis dizaýny bilen ünsi çekýär: galyňlygy bary-ýogy 8,9 mm bolan poslamaýan polatdan ýasalan korpusy kemersiz diňe 35 g agramynda bolup, ele dakylanda duýulmaýan ýaly"OPPO" kompaniýasy dünýä bazaryna täze akylly sagatlary — "OPPO Watch S" çykardy. Bu sagatlar ilkinji nobatda öz nepis dizaýny bilen ünsi çekýär: galyňlygy bary-ýogy 8,9 mm bolan poslamaýan polatdan ýasalan korpusy kemersiz diňe 35 g agramynda bolup, ele dakylanda duýulmaýan ýaly
Çeşme: mobile-review.com

"OPPO" kompaniýasy dünýä bazaryna täze akylly sagatlary — "OPPO Watch S" çykardy. Bu sagatlar ilkinji nobatda öz nepis dizaýny bilen ünsi çekýär: galyňlygy bary-ýogy 8,9 mm bolan poslamaýan polatdan ýasalan korpusy kemersiz diňe 35 g agramynda bolup, ele dakylanda duýulmaýan ýaly.

Enjamyň esasy aýratynlygy — 1,46 dýuýmlyk AMOLED ekranydyr. 3 000 nit pik ýagtylygy sebäpli maglumatlary göni gün şöhlesinde-de aňsat okap bolýar. 464 × 464 ölçegdäki çözgüt we 317 ppi piksel dykyzlygy bolsa şekili örän aýdyň we jikme-jik görkezýär.

Sagatlar "ColorOS Watch 7.1" operasion ulgamynda işleýär, "BES2800BP" çipseti bilen enjamlaşdyrylan we 4 GB içerki ýada eýedir. Bu bolsa aýdym-sazlary, programmalary we şahsy sazlamalary saklamak üçin ýeterlikdir.

Saglyk baradaky alada babatda "OPPO Watch S" giň mümkinçilikleri hödürleýär: 100-den gowrak türgenleşik tertibini goldaýar, şol sanda ýüzmek hem bar (korpus IP68 standarty boýunça goralan).

Ölçegleriň takyklygyny kämil datçikler üpjün edýär: 8 kanally ýürek urşy ölçegi, 16 kanally ganyň kislorod derejesini (SpO₂) ölçeg datçigi we bilekdäki temperatura datçigi. Bary-ýogy 60 sekundyň içinde sagat saglyk görkezijileriniň çalt synyny geçirip bilýär, şeýle hem ukynyň hilini we stres derejesini yzygiderli seljerip, ulanyja öz ýagdaýyna has gowy düşünmäge kömek edýär.

Goşmaça mümkinçilikleriň arasynda — smartfonyň kamerasyny dolandyrmak, gysga wideolary görmek we takyk nawigasiýa üçin iki diapazonly ýerleşiş ulgamy bar. 339 mA·sag sygymly akkumulýator tygşytly tertipde 10 güne çenli, adaty ulanyşda bolsa takmynan 7 gün işlemegi üpjün edýär.

"OPPO Watch S" gara we kümüş reňklerde 1 299 ýuan (takmynan 14 500 rus rubly) bahadan satuwa çykaryldy.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Özbegistanlylar daşary ýurt walýutasyny banklara has köp satyp başladylar

Özbegistanlylar daşary ýurt walýutasyny banklara has köp satyp başladylar

23:30 Iýun 25, 2026
Özbek halk tansy Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi

Özbek halk tansy Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi

23:20 Iýun 25, 2026
Dina Zaripowa Türkmenistanda geçiriljek «Tatar gyzy» bäsleşiginde Tatarystana wekilçilik eder

Dina Zaripowa Türkmenistanda geçiriljek «Tatar gyzy» bäsleşiginde Tatarystana wekilçilik eder

23:10 Iýun 25, 2026