Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Xiaomi zarýad beriş stansiýasy: ähli zerurlyklar bir ykjam blokda

Ýanwar 12, 2026 | 20:21 |4401
Xiaomi birnäçe enjamy bir wagtda tok bilen üpjün edip bilýän we adaty rozetkalaryň ornuny tutýan Xiaomi Desktop Charging Station 140W atly stoluň üstündäki zarýad beriş stansiýasyny tanyşdyrdyXiaomi birnäçe enjamy bir wagtda tok bilen üpjün edip bilýän we adaty rozetkalaryň ornuny tutýan Xiaomi Desktop Charging Station 140W atly stoluň üstündäki zarýad beriş stansiýasyny tanyşdyrdy
Çeşme: ixbt.com

Xiaomi birnäçe enjamy bir wagtda tok bilen üpjün edip bilýän we adaty rozetkalaryň ornuny tutýan Xiaomi Desktop Charging Station 140W atly stoluň üstündäki zarýad beriş stansiýasyny tanyşdyrdy.

Enjamyň ykjamlygy aýratyn üns çekýär: onuň ölçegleri bary-ýogy 95 × 71 × 53 mm, agramy bolsa 493 g, bu bolsa ony iş stolunda ýa-da tumboçkada amatly ýerleşdirmäge mümkinçilik berýär.

Stansiýa iki sany USB-C porty bilen üpjün edilip, olaryň hersi 140 Wt çenli kuwwat berýär. Bu bolsa noutbuklary we häzirki zaman smartfonlaryny çalt zarýadlamak üçin amatlydyr. Şeýle hem iki sany USB-A porty bolup, olar 120 Wt çenli kuwwaty goldaýar we planşetleri hem-de beýleki gajetleri birikdirmäge mümkinçilik berýär.

Mundan başga-da, enjamda öý tehnikasy, mysal üçin, çäýnek ýa-da stol çyrasy üçin niýetlenen dört sany doly derejeli rozetka göz öňünde tutulypdyr. Toplumda 240 Wt çenli kuwwaty geçirmäge ukyply USB-C kabeli bar, bu bolsa zarýad beriş prosesini has-da çaltlaşdyrýar.

Youpin platformasynda stansiýanyň çykarylmagy üçin serişdeleri ýygnamak başlandy: kampaniýa gatnaşyjylary üçin bahasy 250 ýuan (35 ABŞ dollary) boldy. Bölek satuwda bolsa enjamyň bahasy has ýokary — 300 ýuan (43 ABŞ dollary) bolar.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
«Medeniýet we Syýahat» žurnaly Gadymy Merwe syýahat guraýar

«Medeniýet we Syýahat» žurnaly Gadymy Merwe syýahat guraýar

22:17 Awgust 15, 2026
Aşgabatda mekdep üçin zerur zatlaryň hemmesini nireden satyn almaly: «Atlas» kanselýariýa harytlaryna onlaýn sargyt hyzmatyny işe girizdi

Aşgabatda mekdep üçin zerur zatlaryň hemmesini nireden satyn almaly: «Atlas» kanselýariýa harytlaryna onlaýn sargyt hyzmatyny işe girizdi

22:10 Awgust 15, 2026
ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp anna güni Ormuz bogazyny tiz wagtdan ABŞ-nyň çägi diýip yglan etjekdigini aýtdy

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp anna güni Ormuz bogazyny tiz wagtdan ABŞ-nyň çägi diýip yglan etjekdigini aýtdy

21:00 Awgust 15, 2026