HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Sinopec bilen Hytaýyň Milli Awiasiýa ýangyç toparynyň düzüm-gurluşy täzelenýär

Ýanwar 10, 2026 | 03:30 |4609
Çeşme: orient.tm

Hytaýyň Döwlet Geňeşiniň Döwlet eýeçiligindäki gymmatlyklaryň gözegçiligi we dolandyrylyşy boýunça Toparynynyň tassyklamagyna görä, Hytaýyň Sinopec nebit-himiýa korporasiýasy bilen Milli Awiasiýa Ýangyç Topary öz edaralarynyň düzüm-gurluşyny täzelemeklige başlaýar.

Düzüm-gurluşy täzelenenden soň, iki kompaniýa nebiti gaýtadan işlemek, himiýa önümçiligi we awiasiýa ýangyç üpjünçiligi boýunça mümkinçiliklerini birikdirip, aralyk tapgyrlary azaltmagy, üpjünçilik boýunça çykdajylaryny peseltmegi we Hytaýyň awiasiýa pudagynyň energetika howpsuzlygyny pugtalandyrmagy meýilleşdirýär. Şeýle hem bu ädim senagat zynjyrynyň ýokary hilli ösüşine itergi berer.

Taraplar durnukly awiasiýa ýangyjy boýunça ylmy-barlag işlerinden we önümçilikden başlap, saklaýyş, ýangyç guýmaklyk we söwda boýunça hyzmatdaşlygyny giňelderler. Bu bolsa howa gatnawyny ýerine ýetirýän kompaniýalaryň bölüp çykarýan kömürturşy gazyny azaltmagyna we awiasiýa ýangyç pudagynyň senagat zynjyryny berkitmäge ýardam eder.

Çaklamalara görä, 2026–2030-njy ýyllary öz içine alýan 15-nji bäşýyllyk maksatnamanyň dowamynda Hytaýda awiasiýa ýangyjyna bolan isleg ýylsaýyn ortaça dört göterim artar we 2040-njy ýyla çenli sarp edijilik möçberi 75 million tonna çenli ýetip biler.

Hytaýyň Milli Awiasiýa Ýangyç Topary, Aziýada öňdebaryjy awiasiýa ýangyç hyzmatlaryny üpjün edijidir. Sinopec kompaniýasy bolsa dünýäde iň iri nebiti gaýtadan işleýän we Hytaýyň iň uly awiasiýa ýangyç öndürijisidir.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Aşgabatda BMG-niň gününe bagyşlanan çärede azerbaýjan ýörite stend bilen tanyşdyryldy

Aşgabatda BMG-niň gününe bagyşlanan çärede azerbaýjan ýörite stend bilen tanyşdyryldy

23:55 Oktýabr 23, 2026
Perenco Holdings kompaniýasynyň ýolbaşçysy: Hazar deňzi Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmek üçin giň mümkinçilikleri açýar

Perenco Holdings kompaniýasynyň ýolbaşçysy: Hazar deňzi Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmek üçin giň mümkinçilikleri açýar

23:15 Oktýabr 23, 2026
Arçalygyň yzysüre: Türkmenistanyň Kindi brendiniň saýty Awwwards baýragyna dalaşgär görkezildi

Arçalygyň yzysüre: Türkmenistanyň Kindi brendiniň saýty Awwwards baýragyna dalaşgär görkezildi

22:45 Oktýabr 23, 2026