HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Dünýäni düşündirýän on iki nagşyň, on iki hakykatyň beýany

Ýanwar 09, 2026 | 19:00 |5371
Çeşme: orient.tm

Çen Şiýu: Resmi lybaslar diňe bir geýim hökmünde ulanylman, olar nyşanlaryň üsti bilen çuň many berýän güýçli bir dil bolup hem hyzmat edipdir. Şonuň üçin olaryň her bir bölegi çuň many-mazmunly nyşanlar bilen bezelipdir.

Geliň, imperatoryň dabaralarda geýýän mianfu lybasyny mysal alyp göreliň. Onuň eginlerinde Gün bilen Aý, arka tarapynda bolsa ýyldyzlar şekillendirilendir. Bu nyşanlar älemiň düýp esaslaryny, ýagny asman bilen wagt düşünjesini alamatlandyrýandyr. Şeýle hem, iň ýokary ruhy jandar hasaplanýan aždarhanyň keşbiniň bu lybasda aýratyn ähmiýeti bardyr.

Indiki nyşanlar ýeriň möhüm alamatlary bolan daglardyr. Olardan soň, adamzadyň ýaşaýşy üçin zerur bolan ot nyşany ýerleşdirilendir. Haýwanat dünýäsini bolsa, gözelligi bilen tapawutlanýan, al-elwan reňkli sülgün guşy şekillendirilendir.

Bulardan soňra zunyi nyşany gelýär. Bu gadymy däp-dessur gaplary ata-babalarymyza bolan hormaty, nesilleriň dowamlylygyny aňladýandyr. Bu nyşanlaryň ählisi lybasyň ýokarky böleginde ýerleşdirilýär.

Lybasyň aşaky böleginde bolsa durmuş we jemgyýet gymmatlyklaryny görkezýän dört nyşan bar. Derýada bitýän suw ösümlikleri – olar dogruçyllygyň we päkligiň alamatydyr.

  • Fenmi, ýagny tüwi däneleri – gündelik rysgal we ýaşaýyş çeşmesiniň nyşanydyr.

  • Fu – palta şekili bolup, häkimiýeti, göreşi we aýgytly karary aňladýandyr.

  • Ýene bir Fu bolsa, biri-birine bakdyrylyp ýerleşdirilen iki sany ýaý şekili – adalatlylygy we deňligi aňladýandyr.

Tebigatyň nyşanlarynyň ýokarda, jemgyýetiň nyşanlarynyň bolsa aşakda ýerleşdirilmegi Hytaý raýatlaryna mahsus bolan dünýägaraýşy görkezýändir. Bu garaýyş tebigata çuňňur hormat goýmagy, şeýle hem jemgyýetçilik kadalaryna eýermegi, ahlak gymmatlyklaryna uýmaklyga berk ähmiýet bermegi aňladýandyr.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Minskde Türkmenistanyň we Mongoliýanyň ilçileriniň duşuşygy geçirildi

Minskde Türkmenistanyň we Mongoliýanyň ilçileriniň duşuşygy geçirildi

01:47 Iýun 18, 2026
Türkmenistanyň başlangyjy bilen Nýu-Ýorkda BMG-niň üçünji Oýunlary açyldy

Türkmenistanyň başlangyjy bilen Nýu-Ýorkda BMG-niň üçünji Oýunlary açyldy

01:42 Iýun 18, 2026
Türkmen küştçisi Aktobede geçirilen halkara ýaryşda zenanlaryň arasynda iň gowy netijäni görkezdi

Türkmen küştçisi Aktobede geçirilen halkara ýaryşda zenanlaryň arasynda iň gowy netijäni görkezdi

01:38 Iýun 18, 2026