Gmail şahsy kömekçä öwrülýär: täze «AI-giriş hatlar» tertibi poçta bilen işi aňsatlaşdyrar


Google kompaniýasy Gmail hyzmatynda giň möçberli täzelenmäni hödürledi — Gemini emeli aňyna esaslanýan «AI-giriş hatlar» tertibi. Indi ulanyjylar adaty hatlaryň sanawynyň ýerine möhüm temalaryň gysgaça syny we şahsylaşdyrylan tabşyryklar sanawyny görerler.
Emeli aň poçtany özbaşdak seljerýär we anyk hereketleri teklip edýär. Mysal üçin, ol kärdeşiňize wagtynda jogap bermek ýa-da duşuşyga taýýarlanmak barada ýatladyp biler. Şeýlelikde, poçta gutusy doly derejeli iş meýilnamasyna öwrülýär.
Täzeligiň esasy peýdasy — wagtyň uly möçberde tygşytlanmagydyr. Ulgam hat alyşmalaryňyzyň esasynda ileri tutulýan meseleleri özi kesgitleýär we iň möhüm maglumatlary aýratyn belleýär. Indi möhüm mazmuny tapmak ýa-da ýatdan çykan tabşyrygy ýatlamak üçin onlarça haty gaýtadan okamak zerurlygy ýok.
Mundan başga-da, emeli aňyň köp funksiýalary hemmeler üçin mugt bolýar. Indi ulanyjylar uzyn hat alyşmalaryň gysgaça mazmunyndan, jogap ýazmak üçin maslahatlaryndan we habarlary döretmek üçin akylly kömekçiden peýdalanyp bilerler. Tölegli abunaçylar bolsa tekstleriň has çuňňur barlagyndan peýdalanarlar.
Google şahsy hat alyşmalaryň emeli aňy öwretmek üçin ulanylmaýandygyny tassyklady. Isleg boýunça ähli täze funksiýalary sazlamalarda bir basyş bilen öçürip bolýar. Häzirki wagtda hyzmat synag tapgyrynda, ýöne tiz wagtdan giň ulanyjylar köpçüligi üçin elýeterli bolar.
ORIENT
ORIENT mobil goşundysynyň täzelenen wersiýasy iOS we Android platformalarynda elýeterlidir.








