HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Asman ybadathanasyndaky "Bol hasyl" dilegleriniň eýwany

Ýanwar 08, 2026 | 21:51 |5552
Çeşme: orient.tm

Wan Guýsýan: Alty müň ýyllyk taryhy bolan, agaçdan ýasalan eýwan edil “ganat ýaýyp uçmaga taýyn uly guş” ýaly täsir galdyrýar. Hytaý binagärligi – bu diňe bir binalar däldir. Hytaý binagärligi – tebigat bilen sazlaşyk, akyl-paýhas we gözellikdir. Müňýyllyklaryň dowamynda Hytaý halky agaçdan desgalary ýasamagyň özboluşly sungatyny döredipdir. Bu sungat häzire çenli diýen ýaly üýtgemän saklanyp galypdyr.

Asman ybadathanasyndaky Bol Hasyl Dilegleriniň eýwany – şol beýik däbiň iň aýdyň nusgalarynyň biridir. Bu bina diňe dini dessurlar üçin gurlan däldir. Ol Hytaý halkynyň dünýä garaýşyny, asmanyň ýer bilen arabaglanyşygyny hem-de inženerçilik paýhasyny özünde jemleýändir.

Eýwanyň gurluşynyň esasy aýratynlygy – Hytaý binagärligine mahsus bolan “sun-mao” diýlip atlandyrylýan, agaçdan desgalary ýasamagyň gadymy usulydyr. Şeýle usul arkaly gurlan binalarda çüý asla ulanylmaýar – agaç bölekleri emelleşdirilip, çüýsüz biri-birine ykjam oturdylýar. Şeýlelikde, äpet bina ýüzlerçe ýyllap mizemän saklanyp bilýär.

Binanyň içindäki sütünler hem aýratyn ussatlyk bilen dikilendir. Bu sütünler binanyň mizemezligini üpjün etmek bilen bir hatarda, onuň howalanyp görünmegine hem mümkinçilik berýändir.

Bu binanyň agyr agaçdan ýasalandygyna garamazdan, ony gören adama asmana tarap göterilýän ýaly täsir edýär. Gadymy Hytaý edebiýatynda “uçýan guş ýaly ýeňil” diýen meňzetme bar. Bol Hasyl Dilegleri eýwanynyň ruhy hem hut şu sözlerde jemlenýär.

Bu ýerde binagärlik diňe gurluşyk däldir – ol özbaşyna bir pelsepedir. Sütünleriň sany, beýikligi we ýerleşişi älemdäki jisimleriň tertibi bilen baglydyr. Bina asmana ýüzlenme hökmünde döredilipdir. Ol tebigat bilen sazlaşygyň nyşanydyr.

Bol Hasyl Dilegleri eýwany – diňe bir taryhy ýadygärlik däldir. Bu bina müňýyllyklaryň dowamynda toplanan akyl-paýhasyň, estetiki düşünjäniň we durmuş pelsepesiniň beýanydyr.

Häzirki wagtda bu binalar diňe geçmişiň mirasy hökmünde däl-de, eýsem geljek üçin hem ylham çeşmesi hökmünde öwrenilýär. Sebäbi tebigy usulda ýasalan agaç bina – mizemeýän, çeýe we ekologik taýdan arassa binadyr. Bu bolsa häzirki döwrüň “ýaşyl ösüş” düşünjesi bilen doly sazlaşýandyr.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Ýewropa iri tokaý ýangynlary bilen ýüzbe-ýüz boldy: ýylyň başyndan bäri 434 müň gektardan gowrak tokaý ýandy

Ýewropa iri tokaý ýangynlary bilen ýüzbe-ýüz boldy: ýylyň başyndan bäri 434 müň gektardan gowrak tokaý ýandy

20:00 Awgust 01, 2026
Kongo Demokratik Respublikasynda Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagy sebäpli aradan çykanlaryň sany 1500-den geçdi

Kongo Demokratik Respublikasynda Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagy sebäpli aradan çykanlaryň sany 1500-den geçdi

18:31 Awgust 01, 2026
Tibet jerenleriniň gijeki durmuşy: dronlar Hohsil goraghanasyndaky görünmeýän ýaşaýyş göreşini açyp görkezdi

Tibet jerenleriniň gijeki durmuşy: dronlar Hohsil goraghanasyndaky görünmeýän ýaşaýyş göreşini açyp görkezdi

17:30 Awgust 01, 2026