HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Beýik Britaniýa çagalaryň semremegine garşy göreşmek maksady bilen gündiz wagtyna fastfud mahabatlaryny gadagan etdi

Ýanwar 08, 2026 | 16:10 |4160
Beýik Britaniýada gündiz wagtyna teleýaýlymda we internetde ýagyň, duzuň we şekeriň köp mukdaryny özünde jemleýän önümleriň mahabatlaryny gadagan edýän täze düzgünler güýje girdiBeýik Britaniýada gündiz wagtyna teleýaýlymda we internetde ýagyň, duzuň we şekeriň köp mukdaryny özünde jemleýän önümleriň mahabatlaryny gadagan edýän täze düzgünler güýje girdi
Çeşme: orient.tm

Beýik Britaniýada gündiz wagtyna teleýaýlymda we internetde ýagyň, duzuň we şekeriň köp mukdaryny özünde jemleýän önümleriň mahabatlaryny gadagan edýän täze düzgünler güýje girdi. Indi şeýle mahabatlar teleýaýlymlarda agşam sagat dokuzdan öň görkezmek gadagan edildi, internet giňişliginde bolsa bu çäklendirmeler gije-gündiziň dowamynda hereket edýär. Bu çäre ýaşlary marketing basyşyndan goramak we ir ýaşdan sagdyn endikleri kemala getirmek maksadyna gönükdirilendir.

Şeýle çäklendirmeleriň zerurlygy saglygy goraýyş ulgamynyň alada döredýän statistikalary bilen hem tassyklanylýar. Angliýada çagalaryň 22 göterimden gowragy mekdebe başlan wagty eýýäm artykmaç agrama eýe bolup durýar, orta mekdebe geçilende bolsa bu görkeziji 30 göterimden hem geçýär. Hökümet bu «maglumat filtriň» netijesinde semreme meseleleri bolan çagalaryň sanyny 20 müň adama çenli azaltmak mümkin bolar diýip umyt edýär.

Täze düzgünler eýýäm hereket edýän döwlet syýasatynyň üstüni dolýar. Ýurtda süýjüli içgilerde şekere ýokary salgyt girizildi, şeýle hem ýerli häkimiýet edaralaryna okuw mekdepleriniň golaýynda çalt naharhana nokatlarynyň açylmagyny çäklendirmek hukugy berildi. Bularyň ählisi ýaş nesliň saglygyny goramak üçin toplumlaýyn ulgamy emele getirýär.

Lukmançylyk jemgyýeti bu gadaganlygy oňyn garşy aldy, sebäbi ýaşlaryň arasynda 2-nji görnüşli süýji keseline ýolugmagyň artýandygy bellenilýär. Bilermenleriň pikiriçe, semreme geljekde saglyk üçin esasy howp döredýän faktorlaryň biridir. Mahabatyň çäklendirilmegi ene-atalara çagalaryň terbiýesinde kömek edýär we olaryň saýlawlaryna täsir edýän basyşly marketingiň täsirini peseldýär.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Aşgabatda BMG-niň gününe bagyşlanan çärede azerbaýjan ýörite stend bilen tanyşdyryldy

Aşgabatda BMG-niň gününe bagyşlanan çärede azerbaýjan ýörite stend bilen tanyşdyryldy

23:55 Oktýabr 23, 2026
Perenco Holdings kompaniýasynyň ýolbaşçysy: Hazar deňzi Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmek üçin giň mümkinçilikleri açýar

Perenco Holdings kompaniýasynyň ýolbaşçysy: Hazar deňzi Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmek üçin giň mümkinçilikleri açýar

23:15 Oktýabr 23, 2026
Arçalygyň yzysüre: Türkmenistanyň Kindi brendiniň saýty Awwwards baýragyna dalaşgär görkezildi

Arçalygyň yzysüre: Türkmenistanyň Kindi brendiniň saýty Awwwards baýragyna dalaşgär görkezildi

22:45 Oktýabr 23, 2026