HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Soňky ýedi ýylyň dowamynda Özbegistanyň gidroenergetika kuwwaty 52 göterim artdy

Ýanwar 08, 2026 | 15:55 |3818
Özbegistan öz energetika garaşsyzlygyny ep-esli pugtalandyrdy. «Uzbekgidroenergo» paýdarlar jemgyýetiniň maglumatlaryna görä, ýurduň gidroenergetika mümkinçilikleri 2,5 GWt derejesine ýetdi, bu bolsa 2017-nji ýyldaky görkezijiler bilen deňeşdirilende 52 göterim ýokarydyrÖzbegistan öz energetika garaşsyzlygyny ep-esli pugtalandyrdy. «Uzbekgidroenergo» paýdarlar jemgyýetiniň maglumatlaryna görä, ýurduň gidroenergetika mümkinçilikleri 2,5 GWt derejesine ýetdi, bu bolsa 2017-nji ýyldaky görkezijiler bilen deňeşdirilende 52 göterim ýokarydyr
Çeşme: e-cis.info

Özbegistan öz energetika garaşsyzlygyny ep-esli pugtalandyrdy. «Uzbekgidroenergo» paýdarlar jemgyýetiniň maglumatlaryna görä, ýurduň gidroenergetika mümkinçilikleri 2,5 GWt derejesine ýetdi, bu bolsa 2017-nji ýyldaky görkezijiler bilen deňeşdirilende 52 göterim ýokarydyr. Munuň esasy sebäbi bir milliard dollardan gowrak möçberde maýa goýumlaryň çekilmegi boldy, şolaryň 43 göterimi daşary ýurt maýa goýumlaryna degişlidir.

Bu serişdeleriň hasabyna respublikada 85 desga ulanmaga berildi. Olaryň arasynda dürli görnüşli 71 gidroelektrik stansiýasy, ýel elektrik stansiýasy, şeýle hem doly döwrebaplaşdyrylan 13 kuwwatlyklar bar. Umuman alnanda, energetika ulgamyna 841 MWt täze kuwwat goşuldy.

«Ýaşyl» energetikanyň şeýle derejede ösdürilmegi durnukly energiýa üpjünçiligi meselesini gönüden-göni çözýär. Ilat we işewürlik üçin bu elektrik üpjünçiliginde bökdençlikleriň azalýandygyny, ýokary ýükleme döwürlerinde-de ygtybarly elektrik energiýasynyň berilýändigini aňladýar. Öz GES-leriniň ösdürilmegi ýurduň gaz we kömür bahalaryna garaşlylygyny azaltmaga mümkinçilik berýär hem-de ekologik taýdan arassa, durnukly ykdysady ösüşi üpjün edýär.

ORIENT

ORIENT mobil goşundysynyň täzelenen wersiýasy iOS we Android platformalarynda elýeterlidir.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

23:45 Iýun 18, 2026
Dana Pikir halkara ýük daşamalary üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

Dana Pikir halkara ýük daşamalary üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

23:30 Iýun 18, 2026
ECONAMEH žurnalynyň täze sany: Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň medeni mirasy we başlangyçlary

ECONAMEH žurnalynyň täze sany: Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň medeni mirasy we başlangyçlary

22:47 Iýun 18, 2026