HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Belarusda 2030-njy ýyla çenli medeniýeti ösdürmek we galalary dikeltmek boýunça maksatnama tassyklanyldy

Ýanwar 08, 2026 | 15:30 |4055
Belarus Respublikasynyň Hökümeti 2026–2030-njy ýyllar üçin «Medeni giňişlik» atly täze döwlet maksatnamasyny tassykladyBelarus Respublikasynyň Hökümeti 2026–2030-njy ýyllar üçin «Medeni giňişlik» atly täze döwlet maksatnamasyny tassyklady
Çeşme: belta.by

Belarus Respublikasynyň Hökümeti 2026–2030-njy ýyllar üçin «Medeni giňişlik» atly täze döwlet maksatnamasyny tassyklady. Bu giň gerimli resminama ýakyn bäş ýylyň dowamynda ýurduň gadymy galalaryny gorap saklamak, şeýle hem muzeýlerde we kitaphanalarda sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça alnyp baryljak işleri kesgitleýär diýip, BELTA habar berýär.

Maksatnama boýunça ýurduň ähli sebitlerinde uly dikeldiş işleri meýilleşdirilýär. Maliýeleşdiriş respublikan we ýerli býujetleriň hasabyna amala aşyrylar. Syýahatçylar üçin täze özüne çekiji nokatlara öwrüljek möhüm taslamalary tamamlamak göz öňünde tutulýar:

• 2027-nji ýylda Milli çeperçilik sungaty muzeýiniň binalar toplumy doly täzelener.

• 2026–2029-njy ýyllarda Ružanalardaky ajaýyp Köşkler toplumynyň dikeldiş işleri dowam etdiriler.

• 2029-njy ýyla çenli Neswiž şäherindäki meşhur Hudaýyň Bedeni ybadathanasy (kostýol) dikeldilip tamamlanar.

• 2030-njy ýylda Nowogrudsk galasynyň giň gerimli täzeden gurmak we konserwasiýa işleri tamamlanar.

Sanlylaşdyrma aýratyn üns berilýär. Häzirki zaman tehnologiýalarynyň kömegi bilen medeniýet has elýeterli bolar. Ministrligiň meýilnamalaryna laýyklykda milli sanly mazmun dörediler:

muzeý gaznalary, seýrek kitaplar, hatda milli el hünärleriniň nusgalary sanly görnüşe geçiriler. Şahsy ýagdaýda baryp görüp bilmeýänler üçin wirtual gezelençler işlenip taýýarlanylar, kitaphanalar bolsa täze awtomatlaşdyrylan gözleg ulgamlaryna geçer.

Medeni miras bilen birlikde döwlet häzirki zaman sungatyny we belarus kinosyny işjeň ösdürmegi meýilleşdirýär. Belarusyň halkara meýdançasyndaky abraýyny pugtalandyrmak hem-de sungatyny täze festiwallar we sergiler arkaly dünýä giňişligine integrirlemek möhüm wezipeleriň biri bolar.

ORIENT

ORIENT mobil goşundysynyň täzelenen wersiýasy iOS we Android platformalarynda elýeterlidir.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
«Medeniýet we Syýahat» žurnaly Gadymy Merwe syýahat guraýar

«Medeniýet we Syýahat» žurnaly Gadymy Merwe syýahat guraýar

22:17 Awgust 15, 2026
Aşgabatda mekdep üçin zerur zatlaryň hemmesini nireden satyn almaly: «Atlas» kanselýariýa harytlaryna onlaýn sargyt hyzmatyny işe girizdi

Aşgabatda mekdep üçin zerur zatlaryň hemmesini nireden satyn almaly: «Atlas» kanselýariýa harytlaryna onlaýn sargyt hyzmatyny işe girizdi

22:10 Awgust 15, 2026
ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp anna güni Ormuz bogazyny tiz wagtdan ABŞ-nyň çägi diýip yglan etjekdigini aýtdy

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp anna güni Ormuz bogazyny tiz wagtdan ABŞ-nyň çägi diýip yglan etjekdigini aýtdy

21:00 Awgust 15, 2026