HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Duşenbede Garaşsyzlygyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp iň uly Milli teatr açylar

Ýanwar 07, 2026 | 17:30 |4690
Täjigistanyň paýtagty Duşenbede sebitiň iň iri medeni desgalarynyň biri — Milli teatryň gurluşygy tamamlanýarTäjigistanyň paýtagty Duşenbede sebitiň iň iri medeni desgalarynyň biri — Milli teatryň gurluşygy tamamlanýar
Çeşme: khovar.tj

Täjigistanyň paýtagty Duşenbede sebitiň iň iri medeni desgalarynyň biri — Milli teatryň gurluşygy tamamlanýar. Döwletiň Baştutany Emomali Rahmon her ýylky Ýüzlenmesinde bu desganyň açylyşynyň ýurduň Döwlet garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyny bellemek mynasybetli halka we sungat işgärlerine iň uly sowgat boljakdygyny nygtady.

Teatryň gurluşygy 2015-nji ýylda başlandy, onuň taslamasy bolsa bäş ýylyň dowamynda taýýarlanyldy. Binagärler dünýäniň iň öňdebaryjy teatrlarynyň tejribesine daýanmak bilen, halkara standartlaryny milli stil bilen utgaşdyrdylar. Beýikligi 34,5 metr bolan bina bäş sany ýerüsti we iki sany ýerasty gatdan ybaratdyr. Oýlanyşykly dizaýny bu desgany Duşenbeniň iň owadan binagärlik eserleriniň birine öwürýär.

Täze teatryň esasy aýratynlygy — onuň uly sygymy we ýokary tehniki üpjünçiligidir. Binada üç sany uly tomaşa zaly göz öňünde tutulýar:

• 18 metr beýiklikdäki potolokly we döwrebap orkestr çukurly 2500 orunlyk esasy zal.

• 1200 tomaşaçy üçin niýetlenen ikinji zal.

• Bir wagtyň özünde 1000 adamy kabul edip biljek üçünji zal.

Sahnalardan başga-da, teatryň çäginde taýýarlyk meýdançalary, çeper ussahanalar, sergi zallary hem-de iş otaglary ýerleşer. Bu diňe uly möçberli sahna eserlerini däl, eýsem sungatyň täze ugurlarynyň ösdürilmegine hem mümkinçilik döreder.

Şeýle derejedäki teatryň açylmagy täjik medeniýetiniň ösüşinde täze tapgyr bolar. Şäher ilaty üçin bu dünýä derejesindäki sahna eserlerine döwrebap şertlerde tomaşa etmek mümkinçiligi, zehinli ýaşlar üçin bolsa döredijilik mümkinçiliklerini durmuşa geçirmek üçin giň meýdança bolar. Taslama döwlet syýasatynda geljekki nesilleriň medeni terbiýesine berilýän ähmiýeti tassyklaýar.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Türkmenistanyň alty bilim edarasy ilkinji gezek döwlet akkreditasiýasyndan üstünlikli geçdi

Türkmenistanyň alty bilim edarasy ilkinji gezek döwlet akkreditasiýasyndan üstünlikli geçdi

14:19 Iýun 18, 2026
Türkiýe we Gazagystan Hazar ugruny ösdürýärler: döwlet ýolbaşçylarynyň täze ylalaşyklary

Türkiýe we Gazagystan Hazar ugruny ösdürýärler: döwlet ýolbaşçylarynyň täze ylalaşyklary

13:53 Iýun 18, 2026
Türkmenistanyň Bilim ministrligi Hytaýda okuw üçin seçip alyş işini yglan edýär

Türkmenistanyň Bilim ministrligi Hytaýda okuw üçin seçip alyş işini yglan edýär

13:45 Iýun 18, 2026