HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Hytaýda kükürtwodorody arassalamakda ylmy öňegidişlik gazanyldy

Ýanwar 08, 2026 | 10:02 |3810
Çeşme: orient.tm

Hytaýda kükürtwodorody arassalamak boýunça ylmy öňegidişlik gazanyldy. Bu tehnologiýa himiýa senagatynyň durnukly ösüşini gazanmak üçin täzeçe çözgüdi tapmaga mümkinçilik berýändir.

Hytaýyň Ylymlar akademiýasynyň Dalian Himiýa Fizikasy Institutynyň alymlary tarapyndan işlenip taýýarlanan tehnologiýa hepdäniň sişenbe güni tassyklandy.

Kükürtwodorody tebigy gazyň çykarylyşynda, nebiti gaýtadan işlemekde we kömür-himiýa önümçiliginde emele gelýän zäherli madda bolup, ony doly ýok etmek we peýdaly serişdä öwürmek senagat üçin uzak wagtlap kynçylyk bolup geldi.

20 ýyldan gowrak ylmy-barlag işeleriniň netijesinde alymlar kükürtwodorody fotoliz we elektrohimiki usullar arkaly dargatmak mümkinçiliklerini işläp düzdüler. Bu bolsa uly möçberli önümçilikde ýüze çykýan tehniki päsgelçilikleri aradan aýyrmaga mümkinçilik berdi.

Täze tehnologiýa häzirki wagtda ýylda 100 müň kub metr kükürtwodorodyny peýdaly serişdä öwürmegi maksat edinýän kömür-himiýa görkezme taslamasynda ulanylýar. Maglumatlara görä, kükürtwodorodynyň öwrüliş derejesi 100 göterime ýetýär, netijede ýokary hilli kükürt we arassa wodorod öndürilýär.

Hytaý Ylymlar akademiýasynyň akademigi, Dalian Himiýa Fizikasy Institutynyň alymy Li San bu tehnologiýanyň daşky gurşawy goramak bilen bir hatarda arzan we howpsuz şertlerde uly möçberde wodorod öndürmäge mümkinçilik berýändigini, onuň ýangyç elementlerinde we howa-älem ugurlarynda hem ulanylyp bilinjekdigini aýtdy.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
«Medeniýet we Syýahat» žurnaly Gadymy Merwe syýahat guraýar

«Medeniýet we Syýahat» žurnaly Gadymy Merwe syýahat guraýar

22:17 Awgust 15, 2026
Aşgabatda mekdep üçin zerur zatlaryň hemmesini nireden satyn almaly: «Atlas» kanselýariýa harytlaryna onlaýn sargyt hyzmatyny işe girizdi

Aşgabatda mekdep üçin zerur zatlaryň hemmesini nireden satyn almaly: «Atlas» kanselýariýa harytlaryna onlaýn sargyt hyzmatyny işe girizdi

22:10 Awgust 15, 2026
ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp anna güni Ormuz bogazyny tiz wagtdan ABŞ-nyň çägi diýip yglan etjekdigini aýtdy

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp anna güni Ormuz bogazyny tiz wagtdan ABŞ-nyň çägi diýip yglan etjekdigini aýtdy

21:00 Awgust 15, 2026