HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Hytaý 2026-njy ýylda awtoulaglaryň we hojalyk tehnikalarynyň söwdasyny ösdürmek boýunça milli maksatnamasyny giňeldýär

Ýanwar 08, 2026 | 09:53 |4012
Çeşme: orient.tm

Hytaý 2026-njy ýylda awtoulaglaryň we hojalyk tehnikalarynyň söwdasyny ösdürmek boýunça umumymilli düzgünleri kabul etdi. Bu çäreler içerki sarp edijiligi höweslendirmeklige hem-de ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmaklyga gönükdirilendir.

Hytaýyň Söwda ministrligi we degişli edaralary awtoulaglaryň alyş-çalyş söwdalaryny ösdürmek boýunça döwlet tarapyndan goldaw bermekligiň düzgünlerini çap etdiler. 2025-nji ýyl bilen deňeşdirilende, täze düzgünler boýunça, döwlet tarapyndan goldaw almaklygyň talaplaryna laýyk gelýän awtoulaglaryň hasaba alnyş möhleti uzaldylýar. Şol bir wagtyň özünde, köne awtoulaglary ulanyşdan aýyrmak we onuň ýerine täzesini satyn almak boýunça goldaw dowam etdiriler. Döwlet tarapyndan berilýän täze goldawlar ýurduň ähli ýerinde satyn alynjak täze awtoulagyň satuw bahasynyň belli bir göterimini tölemek görnüşinde berler.

Täze syýasat awtoulag bazarlarynda işjeňligi eýýäm ýokarlandyrdy. Hytaýyň Žeszian welaýatynyň Szinhuaý şäherinde döwlet goldawy boýunça alyş-çalyş söwdalarynyň möçberi artdy. Ýerli ýaşaýjylaryň biri, bu maksatnama 10 müňden 20 müň ýuana (ýagny1 430 – 2 860 ABŞ dollaryna) çenli tygşytlamaga mümkinçilik berendigini aýtdy.

Pudak wekilleriniň bellemegine görä, 2026-njy ýyldaky esasy täzelik döwlet goldawynyň möçberiniň belli bir möçberden göterim görnüşine geçirilmegidir. “Awtoulag näçe gymmat bolsa, goldaw möçberi hem şonça ýokary bolar” diýip, Ýunnan welaýatyndaky awtoulag satuw kompaniýasynyň satuw direktory Çen Şaokun aýtdy.

Alyş-çalyş maksatnamasy hojalyk tehnikalaryny hem öz içine alýar. Hytaýyň Szýansi welaýatynyň Ganzhou şäherinde sowadyjylar, kir ýuwujy enjamlar we telewizorlar boýunça berilýän döwlet kömeginiň möçberi satuwlaryň ep-esli artmagyna sebäp boldy. Bir alyjy täze tehnikalara geçmek arkaly 3 müň ýuandan gowrak tygşytlandygyny aýtdy.

Söwda nokatlarynyň maglumatlaryna görä, şu ýylyň 1-nji ýanwaryndan döwlet goldaw çäreleriniň täzeden başlamagy bilen käbir dükanlaryň gündelik dolanyşygy 100 müňden 200 müň ýuana çenli ýokarlandy.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

23:45 Iýun 18, 2026
Dana Pikir halkara ýük daşamalary üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

Dana Pikir halkara ýük daşamalary üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

23:30 Iýun 18, 2026
ECONAMEH žurnalynyň täze sany: Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň medeni mirasy we başlangyçlary

ECONAMEH žurnalynyň täze sany: Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň medeni mirasy we başlangyçlary

22:47 Iýun 18, 2026