HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Si Szinpin we Koreýa Respublikasynyň Prezidenti strategik hyzmatdaşlygy ösdürmäge ygrarlydyklaryny tassykladylar

Ýanwar 07, 2026 | 14:56 |4387
Çeşme: orient.tm

Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin hepdäniň duşenbe güni Pekinde Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Li Çže Men bilen gepleşikleri geçirdi.

Si Szinpin iki ýurduň ýolbaşçylarynyň iki gezek duşuşyk geçirendiklerini hem-de özara döwlet saparlaryny amala aşyrandyklaryny belläp, bu duşuşyklaryň Hytaý Halk Respublikasynyň we Koreýa Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklara berilýän uly ähmiýeti görkezýändigini aýtdy. “Goňşy we dost ýurtlar hökmünde Hytaý Halk Respublikasy bilen Koreýa Respublikasynyň aragatnaşyklary giňeldilmelidir hem-de hyzmatdaşlyklar yzygiderli dowam etdirilmelidir” diýip, Si Szinpin belledi.

Hytaý döwleti Koreýa Respublikasy bilen özara gatnaşyklaryny sebit diplomatiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde hasaplaýandyr we dostlukly hyzmatdaşlygyň, özara bähbitli ýörelgäniň saklanmagyna ygrarlydyr. Si Szinpin Hytaý döwletiniň, Koreýa Respublikasy bilen bilelikde, strategik hyzmatdaşlygy ösdürmäge, iki halkyň abadançylygyny pugtalandyrmaga hem-de sebit we dünýä parahatçylygyna goşant goşmaga taýýardygyny aýtdy.

Si Szinpin Hytaýyň 15-nji bäşýyllyk maksatnamasynyň dünýä ýurtlary üçin giň ösüş mümkinçiliklerini açýandygyny belledi. Iki ýurduň önümçilik we üpjünçilik zynjyrlarynyň çuňňur arabaglanyşyklydygyny belläp geçmek bilen, ösüş strategiýalarynyň sazlaşdyrylmagynyň, emeli intellekt, ekologiýa taýdan arassa önümçilikler we “kümüş ykdysadyýet” ýaly täze ugurlarda hyzmatdaşlygyň giňeldilmeginiň möhümdigini aýtdy. Şeýle hem ol iki halkyň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmegiň zerurdygyny nygtady.

“Dünýäde bolup geçýän düýpli özgertmeleriň döwründe, Hytaý Halk Respublikasy bilen Koreýa Respublikasy, sebitde parahatçylygy üpjün etmek we dünýä ösüşine goşant goşmak boýunça öz jogapkärçiliklerini bilýärler” diýip, Si Szinpin aýtdy. Ol Ikinji jahan urşunda gazanylan ýeňşiň netijelerini goramagyň, proteksionizme garşy durmagyň, hakyky köptaraplaýynlygy öňe sürmegiň hem-de deňhukukly köptaraplaýyn dünýä tertibini, hemmelere bähbitli bolan açyk ykdysady hyzmatdaşlygy goldamagyň möhümdigini belledi.

Prezident Li Çže Men, Koreýa Respublikasy bilen Hytaý Halk Respublikasynyň köp ýyllaryň dowamynda özara hyzmatdaşlygyny ösdürip gelýän goňşy ýurtlardygyny aýtmak bilen, Koreýa Respublikasynyň Hytaý döwleti bilen gatnaşyklaryna ýokary ähmiýet berýändigini belledi. Ol Koreýa Respublikasynyň “bir Hytaý” ýörelgesine ygrarlydygyny hem-de Hytaýyň esasy bähbitlerine hormat goýýandygyny tassyklady.

Li Çže Men Koreýa Respublikasynyň Hytaý Halk Respublikasy bilen strategik hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga, Hytaýyň 15-nji bäşýyllyk maksatnamasynyň mümkinçiliklerinden peýdalanmaga, ykdysady hyzmatdaşlygyň amaly netijelerini giňeltmäge, halklaryň arasyndaky gatnaşyklary has-da berkitmäge hem-de ählumumy abadançylygyň üpjün edilmegi üçin Hytaý döwleti bilen köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga taýýardygyny aýtdy.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Aşgabatda BMG-niň gününe bagyşlanan çärede azerbaýjan ýörite stend bilen tanyşdyryldy

Aşgabatda BMG-niň gününe bagyşlanan çärede azerbaýjan ýörite stend bilen tanyşdyryldy

23:55 Oktýabr 23, 2026
Perenco Holdings kompaniýasynyň ýolbaşçysy: Hazar deňzi Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmek üçin giň mümkinçilikleri açýar

Perenco Holdings kompaniýasynyň ýolbaşçysy: Hazar deňzi Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmek üçin giň mümkinçilikleri açýar

23:15 Oktýabr 23, 2026
Arçalygyň yzysüre: Türkmenistanyň Kindi brendiniň saýty Awwwards baýragyna dalaşgär görkezildi

Arçalygyň yzysüre: Türkmenistanyň Kindi brendiniň saýty Awwwards baýragyna dalaşgär görkezildi

22:45 Oktýabr 23, 2026