HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Özbegistan Türkmenistan bilen serhetdeş ýerleşýän Tuýamuýun gidro merkeziniň sygymyny artdyrar

Ýanwar 07, 2026 | 11:05 |9140
Özbegistan Türkmenistan bilen serhetde ýerleşýän Tuýamuýun gidro merkeziniň sygymyny 1 milliard kub metr möçberde artdyrmagy meýilleşdirýärÖzbegistan Türkmenistan bilen serhetde ýerleşýän Tuýamuýun gidro merkeziniň sygymyny 1 milliard kub metr möçberde artdyrmagy meýilleşdirýär
Çeşme: uza.uz

Özbegistan Türkmenistan bilen serhetde ýerleşýän Tuýamuýun gidro merkeziniň sygymyny 1 milliard kub metr möçberde artdyrmagy meýilleşdirýär. Taslamanyň durmuşa geçirilmegi ilatyň we oba hojalygynyň suw üpjünçiliginiň ygtybarlylygyny ýokarlandyrmaga, şeýle hem süýji suwuň strategik ätiýaçlygyny döretmäge gönükdirilendir.

Gidro merkeziň sygymynyň giňeldilmegi Özbegistan Respublikasynyň hökümeti tarapyndan tassyklanan «Özbegistan-2030» döwlet ösüş strategiýasynyň çäklerinde göz öňünde tutulýar. Bu resminama, esasan-da oba hojalyk pudagynda suw serişdelerini dolandyrmak ulgamyny toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmaga, suwaryş infrastrukturasyny täzeden gurmaga we döwlet-hususy hyzmatdaşlyk gurallaryny ornaşdyrmaga gönükdirilendir.

Hünärmenleriň bahalandyrmagyna görä, Tuýamuýun suw howdanynyň möçberiniň artdyrylmagy takmynan 1,2 million gektar oba hojalyk ýerleriniň has durnukly suw bilen üpjün edilmegine mümkinçilik döreder, şeýle hem agyz suwunyň goşmaça ätiýaçlygyny emele getirer.

Strategiýada paýlaýjy kanallaryň tapgyrlaýyn täzeden gurulmagy hem göz öňünde tutulýar. Häzirki wagtda ýurduň suwaryş ulgamynyň ep-esli bölegi ýer kanallary görnüşinde bolup, bu suwuň uly möçberde ýitirilmegine getirýär. 2030-njy ýyla çenli 13 müň kilometrden gowrak kanaly beton örtüge geçirmek meýilleşdirilýär.

Ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak meselelerine hem aýratyn üns berilýär. Häkimiýet edaralary ýörite melioratiw desgalaryň gurluşygy we döwrebaplaşdyrylmagy arkaly şorlaşan ýerleriň meýdanyny azaltmagy we meseleli ýerlerde ýerasty suwlaryň derejesini peseltmegi maksat edinýärler.

Mundan başga-da, «Özbegistan-2030» maksatnamasy suw hojalyk infrastrukturasynyň dolandyrylyşyna hususy pudagyň gatnaşygyny giňeltmegi göz öňünde tutýar. Döwlet-hususy hyzmatdaşlyk ýörelgeleri esasynda 2 müňden gowrak desganyň dolandyrylyşy işewürlere berler diýlip garaşylýar.

Tuýamuýun gidro merkezi Amyderýa derýasynda ýerleşýän iri döwletara suw hojalyk toplumydyr. Ol Ruslowoýe, Kapakas, Sultansanjar we Ittifak atly dört suw howdanyndan ybarat bolup, kanallar we şlýuzlar ulgamy arkaly birleşdirilendir. Bu bolsa suw serişdelerini çeýe we netijeli düzgünleşdirmäge mümkinçilik berýär.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Aşgabatda BMG-niň gününe bagyşlanan çärede azerbaýjan ýörite stend bilen tanyşdyryldy

Aşgabatda BMG-niň gününe bagyşlanan çärede azerbaýjan ýörite stend bilen tanyşdyryldy

23:55 Oktýabr 23, 2026
Perenco Holdings kompaniýasynyň ýolbaşçysy: Hazar deňzi Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmek üçin giň mümkinçilikleri açýar

Perenco Holdings kompaniýasynyň ýolbaşçysy: Hazar deňzi Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmek üçin giň mümkinçilikleri açýar

23:15 Oktýabr 23, 2026
Arçalygyň yzysüre: Türkmenistanyň Kindi brendiniň saýty Awwwards baýragyna dalaşgär görkezildi

Arçalygyň yzysüre: Türkmenistanyň Kindi brendiniň saýty Awwwards baýragyna dalaşgär görkezildi

22:45 Oktýabr 23, 2026