HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan Kran-Montanadaky pajygaly ýagdaý zerarly Şweýsariýa gynanç bildirdi

Ýanwar 03, 2026 | 20:00 |7055
Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi Kran-Montana dag-lyža dynç-alyş merkezinde bolup geçen, pajygaly ýangyn zerarly Şweýsariýa tarapyna gynanç bildirdi. Täze ýyl gijesi bolan geçn geçen betbagtçylykda onlarça adamyň pida boldyTürkmenistanyň Daşary işler ministrligi Kran-Montana dag-lyža dynç-alyş merkezinde bolup geçen, pajygaly ýangyn zerarly Şweýsariýa tarapyna gynanç bildirdi. Täze ýyl gijesi bolan geçn geçen betbagtçylykda onlarça adamyň pida boldy
Çeşme: france24.com

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi Kran-Montana dag-lyža dynç-alyş merkezinde bolup geçen, pajygaly ýangyn zerarly Şweýsariýa tarapyna gynanç bildirdi. Täze ýyl gijesi bolan geçn geçen betbagtçylykda onlarça adamyň pida boldy.

Dünýäniň KHBS-niň habar bermegine görä, ýangyn dynç alyş merkeziniň meşhur binalarynyň birinde baýramçylyk dabaralarynyň geçirilýän wagtynda ýüze çykypdyr. Ýangyn sanlyja sekuntyň içinde hemme ýaýrap, köp sanly köp sanly adam pidalara sebäp bolupdyr. Şweýsariýanyň Prezidenti Gaý Parmelin ýurtda bäş günlük milli matam gününi yglan etdi.


Alp daglaryndaky pajygaly ýagdaý: Kran-Montanadaky ýangyn barada jikme-jik maglumatlar

Wakalaryň hronikasy: Ýangyn takmynan sagat 01:30-da meşhur “Le Constellation” bar-klubynda ýüze çykdy. Ýangyn şol wagt myhmanlar bilen dolup duran binanyň içini göz-açyp ýumasy salymda gurşap aldy.

Pajygaly ýagdaýyň gerimi: Häzirki wagta çenli Şweýsariýanyň häkimiýetleri 40 adamyň pida bolandygyny tassykladylar. 115-den gowrak adamlar dürli şikesler we ýanyklar bilen hassahana ýerleşdirildi, olaryň köpüsiniň ýagdaýy agyr diýlip bellenilýär.

Sebäbi: Wale kantonynyň polisiýasy tarapyndan geçirilýän deslapky derňew işleri, otagyň içinde pirotehnikanyň (çaklamalara görä, bengal otlarynyň) seresapsyz ulanylmagyny görkezýär, bu bolsa bezeg elementleriniň göz açyp-ýumasy salymda tutaşmagyna sebäp bolupdyr.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Aşgabatda BMG-niň gününe bagyşlanan çärede azerbaýjan ýörite stend bilen tanyşdyryldy

Aşgabatda BMG-niň gününe bagyşlanan çärede azerbaýjan ýörite stend bilen tanyşdyryldy

23:55 Oktýabr 23, 2026
Perenco Holdings kompaniýasynyň ýolbaşçysy: Hazar deňzi Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmek üçin giň mümkinçilikleri açýar

Perenco Holdings kompaniýasynyň ýolbaşçysy: Hazar deňzi Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmek üçin giň mümkinçilikleri açýar

23:15 Oktýabr 23, 2026
Arçalygyň yzysüre: Türkmenistanyň Kindi brendiniň saýty Awwwards baýragyna dalaşgär görkezildi

Arçalygyň yzysüre: Türkmenistanyň Kindi brendiniň saýty Awwwards baýragyna dalaşgär görkezildi

22:45 Oktýabr 23, 2026