HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Si Szinpiniň Ählumumy Dolandyryş Başlangyjy 2025-nji ýylda hemmelere bähbit getirdi

Ýanwar 03, 2026 | 18:45 |5884
Çeşme: orient.tm

2025-nji ýyl ählumumy dolandyryş ulgamynda möhüm ýyl boldy. Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin dünýäde çylşyrymly ýagdaýlaryň dowam edýän döwründe Ählumumy dolandyryş başlangyjyny öňe sürdi. Bu başlangyç halkara dolandyryş ulgamynyň kämilleşdirilmegini göz öňünde tutýandyr.

Si Szinpin bu başlangyjy Hytaýyň Tianszin şäherinde geçirilen Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitinde yglan edipdi. Bu sammit guramanyň taryhyndaky iň uly çäre bolmak bilen, oňa 20-den gowrak ýurduň we 10 sany halkara guramalaryň ýolbaşçylary gatnaşdy. Geçirilen sammit halkara hyzmatdaşlygyny we ählumumy dolandyryşy pugtalandyrmaga uly gyzyklanmanyň bardygyny açyp görkezdi.

Si Szinpin 1-nji sentýabrda “Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy+“ mejlisine başlyklyk edip, “Ählumumy dolandyryşy kämilleşdirmek maksady bilen Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň güýjüni birleşdirmek,” atly tema bilen çykyş etdi. Ol öz çykyşynda, dünýäde düýpli özgertmeleriň bolup geçýändigini we ählumumy dolandyryşyň möhüm sepgide ýetendigini aýtdy.

Bu başlangyjyň öňe sürülmegi taryhy jähtden aýratyn ähmiýete eýedir. 2025-nji ýyl Faşizme garşy göreşde gazanylan beýik ýeňşiň we Birleşen Milletler Guramasynyň döredilmeginiň şanly 80 ýyllygy bilen gabat geldi. Si Szinpin şeýle hem, taryhdan sapak alyp, köptaraplaýynlygy goramagyň hem-de röwşen geljek üçin bilelikde hereket etmegiň möhümdigini belledi.

Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy, Ählumumy dolandyryş başlangyjyny teklip etmek bilen, Hytaý döwletiniň ähli ýurtlar bilen bilelikde has adalatly we deňhukukly ählumumy dolandyryş ulgamyny ornaşdyrmaga hem-de umumyadamzat bähbitli geljegi ösdürmäge taýýardygyny aýtdy.

Bu başlangyç bäş sany esasy ýörelgä esaslanýar we olar şulardan ybaratdyr: döwletleriň özygtyýarlylygynyň deňligi, halkara hukugyna berk eýermek, hakyky köptaraplaýynlyk, halkyň bähbidini göz öňünde tutýan çemeleşme we anyk hereketlere gönükdirilen işleri alyp barmak. Bu ýörelgeler uruşdan soňky halkara tertibini goramak bilen bir hatarda, ählumumy dolandyryşy has netijeli we yzygiderli alyp barmagy maksat edinýändir.

Si Szinpiniň bu Ählumumy dolandyryş başlangyjy, ösüş, howpsuzlyk we medeniýet boýunça öňe süren başlangyçlaryndan soňra dördünji iri halkara başlangyjydyr. Bu başlangyçlar Hytaý pelsepesine esaslanýan bitewi garaýşy emele getirip, sazlaşygy, adalatlylygy we bilelikdäki jogapkärçiligi öňe sürýändir.

Si Szinpin 2025-nji ýylda Ählumumy Günorta ýurtlarynyň arasyndaky raýdaşlygyň inklýuziw halkara ulgamyny gurmakda möhüm orun eýeleýändigini aýratyn belledi.

Howa şertleri boýunça ählumumy dolandyryş hem esasy ugurlaryň biri boldy. Pariž Ylalaşygynyň kabul edilmeginiň 10 ýyllygy mynasybetli, Si Szinpin Birleşen Milletler Guramasynyň Bütindünýä howa sammitinde Hytaýyň 2035-nji ýyla çenli howa borçnamalaryny yglan edip, ýurduň ählumumy howa hereketlerine berk ygrarlydygyny tassyklady.

Halkara guramalaryň ýolbaşçylary Si Szinpiniň uzak möhletli strategik garaýşyna ýokary baha berdiler. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antonio Guterriş häzirki dünýäde şeýle uzakdan görüjilikli pikirlenmekligiň aýratyn ähmiýete eýedigini belledi.

“Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin uzakdan görüjilik bilen geljek üçin anyk we aýdyň maksatlary kesgitläp bilýän liderdir. Häzirki dünýäde kabul edilýän kararlaryň köpüsi bu gün kabul edilip, ertesi gün hem üýtgedilýär. Şonuň üçin şeýle öňden görüjilikli strategik garaýyş örän möhüm häsiýet bolup durýar, men şeýle häsiýetiň doly derejede Si Szinpine mahsus häsiýetdigine ynanýaryn” diýip, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antonio Guterriş 2025-nji ýylyň 31-nji awgustynda Tianszinde geçiren söhbetdeşliginde aýtdy.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Wýetnama girmek üçin Türkmenistanyň raýatlaryndan indi hökmany ýagdaýda QR-belgi talap edilýär

Wýetnama girmek üçin Türkmenistanyň raýatlaryndan indi hökmany ýagdaýda QR-belgi talap edilýär

23:25 Iýun 23, 2026
e.gov.tm döwlet hyzmatlar portalynda jemagat tölegleriň ähli görnüşlerini onlaýn tölemek mümkinçiligi elýeterlidir

e.gov.tm döwlet hyzmatlar portalynda jemagat tölegleriň ähli görnüşlerini onlaýn tölemek mümkinçiligi elýeterlidir

23:21 Iýun 23, 2026
SKY-TRUCK uçarmansyz uçary çöl şertlerinde synagdan geçirilmäge taýýarlanýar

SKY-TRUCK uçarmansyz uçary çöl şertlerinde synagdan geçirilmäge taýýarlanýar

16:41 Iýun 23, 2026